20/11/2024
89
Bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki Suhumi döwlet uniwersitetiniň wekilleri hem-de bilim hünärmenleri bilen onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Maslahat bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine bagyşlanyp, oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bu ulgamyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ugurly gazanylýan ylalaşyklar, ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar hil taýdan täze derejelere çykýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki onlaýn okuw maslahatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew, şeýle hem Suhumi döwlet uniwersitetiniň Parahatçylyk bilim merkeziniň professory, Gruziýanyň meşhur žurnalisti Badri Naçkebia, şol uniwersitetiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Indira Dzagania çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar. Çykyşlaryň dowamynda bilimde, ylmy-barlag işlerinde mümkinçilikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirilip, şeýle mazmunly maslahatlaryň tejribe alyşmak, geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak üçin oňat mümkinçilikdigi aýratyn nygtaldy. Professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň sowal-jogap alyşmalary onlaýn okuw maslahatynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Onlaýn okuw maslahaty türkmen-gruzin bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze ädimleri alamatlandyryp, iki dostlukly döwletiň ýokary bilim ojaklary bilen gatnaşyklaryň möhüm we netijeli ugurlaryny kesgitledi.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.