Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar.
    «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol»  strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar. surady
    19/10/2023

    1056

    «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar.

    2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Şol maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýändigini» şeýle-de «Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklaryny kemala getirip, köpsanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny artdyrmaga ýardam etmelidir» diýip, Gahryman Arkadagymzy belledi.
    Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşa geçirilýän “Bir guşak, bir ýol” strategiki häsiýeti konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Ýeri gelende bellesek, şu taslama boýunça halkara maslahat ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde geçirilipdi.
    Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz başlangyjy esasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça birnäçe iri sebit taslamalar durmuşa geçirilýär. Munyň aýdyň mysaly hökmünde, Gazagystan—Türkmenistan—Eýran häzirki zaman demir ýoly, Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýol indi diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň üsti bilen hem yzygiderli harytalary üstaşyr amala aşyrmaga mümkinçilikleri açdy. Olaryň hatarynda, Hytaý Halk Respublikasy Pars aýlygyna çykarýan ýüklerini 2016-njy ýyldan başlap häzirki wagta çenli, “Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” ugury boýunça dowamly otly ýük gatnawyny amala aşyryrýar. Bu demir ýolunyň umumy uzunlygy 10 müň klometra golaý bolup, ony geçmek üçin gerek bolan wagt iki hepdä golaý boldy. Bu demir ýoluny ortaça alanyňda deňiz ýolyndan iki esse tiz geçmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý deňiz portyndan Pars aýlagynda ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Bender-Abbas portuna çenli ugradylan ýükleri getirmeklik üçin bir aýdan gowrak wagt sarp etmeli bolýar. Şeýlelik-de konteýner ýükleriniň daşalmagyna sarp edilýän wagt parom arkaly gatnadylýandakydan 2 esse azdyr. Häzirki wagtda bu demir ýol taslamasynyň ýenede bir ugry hem, 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap häzirki wagta çenli, Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly “Russiýa—Gazagystan—Türkmenistan—Eýran—Hindistan” halkara demir ýolunyň üsti bilen soňra deňiz gatnawy arkaly Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portuna konteýner otlularyny daşalyp başlanadygyny bellemek gerek. Bu ýoluň umumy uzaklygy 8 müň kilometrden gowrak bolup durýar. Şol ulag geçelgesi arkaly yzyna ýükler ilkinji gezek, 2022-nji ýylyň awgust aýynda “Hindistan—Eýran—Türkmenistan—Gazagystan—Russiý” ugry boýunça üstaşyr ýükler amala aşyryldy. Häzirki wagtda Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa döwletlerine üstaşyr ýükleri geçirmäge mümkinçilikler bar. Munyň aýdyň mysaly hökmünde, 2022-nji ýylyň iýun aýynda “Gazagystan—Türkmenistan—Eýran—Türkiýe” ugry boýunça ilkinji synag ýük otlusy üstünlikli amala aşyryldy. Bu otly 6 müň 300 kilometrden gowrak aralygy geçmek üçin gerek bolan wagt ortaça iki hepdä golaý boldy. Şonuň netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda «Gazagystan —Türkmenistan—Eýran» halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ägirt mümkinçiliklerinden Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna peýdalanmak maksady bilen halkara başlangyçlary öňe sürýär.
    Hazar ugry boýunça Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir. Hazar geçelgesi Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlarynyň arsynda iň gysga we bäsdeşlige ukyply söwda ýoly bilen baglanyşykly mümkinçilikleri ulydyr. Demir ýol ýa-da awtoulag ulgamy bilen deňişdirilende, deňiz ýoly arkaly ýük daşamagyň arzandygyna garamazdan, Hazarýaka geçelgesiniň üstünden geçýän demir ýol arkaly Ýewropadan Hytaýa we yzyna harytlary daşamagyň deňiz ulgamy bilen deňeşdirilende, has çalt amala aşyrylýandygy belenilip geçildi. Mysal üçin, Blumberg agentliginiň maglumatlaryna görä, konteýnerli gämi Hytaýdan Ýewropa ýetirmek üçin 40 gün gerek bolsa, konteýnerli Merkezi Aziýa-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry boýunça ýetirmek üçin 15 güne golaý wagt gerek bolýar. Şonuň üçin hem bu geleçelge geljekde Hytaý Halk Respublikasy üçin ýoluň gysgalmagy bolsa ýük akymlaryny ep-esli tizleşdirmäge we haryt öndürijilerden sarp ediş bazaryna çenli wagt aralygyny gysgaltmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa daşary ýurt sarp edijileri üçin önümleriň bahasynyň aşak düşmegini şertlendirer. Munuň özi iri söwda kärhanalarynyň sebitde önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer.
    Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde birnäçe iri ulag taslamalaryň çäklerinde Orta Gündogary Ýewropa bilen baglanyşdyrýan «Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe» halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi, Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar ugur boýunça «Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman» ulag-üstaşyr taslamasy, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça «Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa» halkara ulag geçelgesi, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan «Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» multimodal ulag geçelgesi, «Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran», we «Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugurlar boýunça ulag üstaşyr taslamalary geljekde dünýäniň birneçe döwletlere göni çykalgany açýär.

    Perhat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI