2732
«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi
Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň talyplarynyň arasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigini geçirmek boýunça
DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylym-bilim we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça Halkara bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň döwletleri geografiki taýdan amatly bolan gatnaw ýollarynyň strategiki ähmiýetli çatrygynda ýerleşmek bilen, köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürýärler. Bu taslamalar yklymlara we transmilli ýük akymlarynyň, şol sanda sebitlerden üstaşyr ýükleriň geçýän aralyklaryny we ýola sarp edilýän wagty düýpli gysgaltmak bilen, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary jemlemegiň zerurdygyny ýüze çykarýar. Hususan-da, bu babatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, şeýle-de «Merkezi Aziýa+1» formatly hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan syýasy-diplomatiki çäreler wajyp häsiýete eýe bolup durýar.
Degişli ýurtlaryň ýaşlarynyň hem özara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi uly geljege gönükdirilen dostlukly gatnaşyklara möhüm goldaw bolup durýar.
Umumy düzgünler
1. «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginiň (mundan beýläk – halkara bäsleşigi) Guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çykyş edýärler.
2. Halkara bäsleşigini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin Guramaçylyk Komiteti döredilýär. Onuň düzümine degişli edaralaryň, halkara guramalarynyň wekilleri we alymlar hem-de bilermenler girizilýär.
2. Ylmy işler boýunça bäsleşigine resminama kabul edilen gününe çenli ýaşy 35-e çenli bolan şu aşakdaky ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy-barlag işleri kabul edilýär:
3. Bakalawr, magistr we hünärmen maksatnamalary boýunça bilim alýan ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň;
4. Degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýaş ylmy işgärleriň, aspirantlaryň we dalaşgärleriň;
5. Ylmy işler boýunça bäsleşigine tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.
6.Ylmy işler boýunça bäsleşiginiň I tapgyrynyň jemini 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda yglan etmek meýilleşdirilýär.
II bap. Ylmy işleri halkara bäsleşigine hödürlemegiň we
resmileşdirmegiň tertibi
1. Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işleri şu temalar boýunça kabul edilýär:
1) Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropanyň mümkinçiliklerini öwrenmek;
2) Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek;
3) Merkezi Aziýa —Aýlag sebitiniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak;
4) Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy;
5) Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy;
6). Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri;
7).«Demirgazyk - Günorta» halkara ulag geçelgesine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri;
8). “Lapis-Lazuli” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçilikleri;
9) Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça Ýewraziýa ýurtlarynyň oňyn
başlangyçlary we tejribesi;
10).Merkezi Aziýa sebitinde «TIR-EPD» ulgamy «ASYCUDA World» awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy sanlaşdyrmagyň mümkinçilikleri;
2. Halkara bäsleşigine hödürlenýän işler 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 1-nji iýulyna çenli aralykda kabul edilýär.
3. Talap edilýän düzgüne laýyklykda bellenen senä çenli guramaçylyk toparyna tabşyrylan işleriň eýelerine halkara bäsleşigine gatnaşmaga hukuk berilýär.
III bap. Halkara bäsleşigine gatnaşyjylara we olaryň işlerine bildirilýän talaplar we şertler
1. Gatnaşyjylar şu Düzgünnama 1-nji goşunda laýyklykda hasaba alynýar.
2. Hödürlenilýän ylmy-barlag işleriniň ýazgysy şu Düzgünnamanyň 2-nji goşundysyna laýyklykda taýýarlanylyp, guramaçylaryň hgi.hygdek@gmail.com elektron salgysyna iberilýär.
3. Gatnaşyjylar ylmy işi bilen bilelikde şu aşakdakylary Guramaçylaryň garamagyna ibermelidirler:
1) ylmy işiň netijeleri boýunça maglumatlaryň (ylmy makalalar, patentler, diplomlar we beýlekileri) nusgalaryny;
2) ylmy-barlag işine alymlar tarapyndan berlen azyndan 2 (iki) sany oňyn syny.
3) ylmy-barlag işinde temanyň wajyplygy, temany açyp görkezmek, derwaýys we analitiki maglumatlary görkezmek;
4) diagrammalar we grafikler görnüşinde getirilýän analitiki maglumatlar;
5) alnan netijeleriň esaslandyrylyşy;
6) gatnaşyjynyň özbaşdak işiniň göwrümi;
7) saýlanan tema boýunça gatnaşyjynyň häzirki zaman ylmy-barlaglaryň netijeleri bilen tanyşlyk derejesi;
8) gatnaşyjynyň ylmy-barlag işini taýýarlap, beýan edişi hökman bolmalydyr.
4. Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy işiniň 1 (bir) awtory bolmalydyr.
5. Ylmy-barlag işi rus ýa-da iňlis dillerinde tassyklanan nusgasy bolmalydyr.
Ylmy-barlag işiniň ýazylyşyna bildirilýän
TALAPLAR
Halkara bäsleşigine hödürlenilýän ylmy-barlag işleri şu aşakdakylary bölümleri öz içine almaly:
1) baş sahypany;
2) ylmy-barlag işiniň mazmunyny;
3) girişi;
4) ylmy-barlag işiniň esasy bölümini;
5) ylmy-barlag işiniň jemleýji netijesini;
6) ulanylan edebiýatlary.
Ylmy-barlag işiniň mazmunynda ylmy-barlag işiniň esasy bölümleriniň atlary, girişi, bölümleriň we bölümçeleriň atlary, jemleýji netije, ulanylan edebiýatlar, goşundylaryň atlary we degişli sahypa belgileri görkezilýär.
Girişde meseläniň goýluşy, temanyň wajyplygy, işiň öňünde goýlan maksady we wezipeleri, ulanylan edebiýat çeşmeleriniň gysgaça seljermesi, meseläniň öwreniliş derejesi we gatnaşyjynyň goýlan meseläni çözmekde eden goşandy beýan edilýär.
Ylmy-barlag işiniň esasy bölüminde gatnaşyjynyň toplan we gaýtadan işlän maglumatlary beýan edilýär.
Ylmy-barlag işiniň jemleýji netijesinde gatnaşyjy tarapyndan alnan netijeler we jemleme beýan edilýär.
Ulanylan edebiýatlaryň sanawynda gatnaşyjy tarapyndan ulanylan edebiýatlar elipbiý tertibine laýyklykda ýazylýar.
Ylmy-barlag işiniň umumy göwrümi 20 sahypa çenli, işiň formaty А4 (şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir aralygy – 1,5 interwal; sahypanyň hemme tarapyndan 20 мм goýmaly). Tablisalar, suratlar, çyzgylar, erkin görnüşde goýlup bilner. Edebiýatlara salgylanmalar nomerler arkaly görkezilýär.
Ylmy işleri boýunça halkara bäsleşiginiň netijelerini jemlemegiň tertibi
1. Halkara bäsleşiginiň final tapgyry 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde netijeleri jemlenilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
3. Ylmy işler boýunça bäsleşiginiň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
4. Ylmy işleri boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň» serişdeleriniň hasaplaryndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanylýar.
5. Halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine I (baş baýrak) I, II we III ýerler üçin degişli , ähli gatnaşyjylara sertifikatlar we gymmatly sowgatlar gowşurylýar.
Gatnaşyjylary hasaba alyş
ANKETASY
1. | Gatnaşyjynyň ady, familiýasy | |
2. | Gatnaşyjynyň doglan senesi (gün, aý, ýyl): | |
3. | Gatnaşyjynyň ýaşaýan salgysy (indeks bilen) | |
4. | Gatnaşyjynyň e-mail salgysy | |
5. | Ylmy işiniň ady | |
6. | Gatnaşyjynyň okaýan bilim edarasynyň salgysy (indeks bilen) | |
7. | Ylmy ýolbaşçynyň ady, familiýasy | |
8. | Ylmy ýolbaşçynyň e-mail salgysy | |
9. | Ylmy ýolbaşçynyň işleýän bilim edarasynyň (iş ýeriniň) e-mail salgysy |