08/01/2026
112
«Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigi
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen sözlerinden ugur alyp, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we zehinli ýașlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama taýýarlanyldy.
Umumy Düzgünler
Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Bu bäsleşik talyp ýaşlaryň arasynda döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmek, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek maksady bilen guralýar. Bäsleşikde talyplaryň döredijilikli çykyşlary, sazlaşykly hereketleri, ugurtapyjylyklary, agzybirlikde toparda işlemegi we döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak ukyplary bahalandyrylýar.
Bäsleşigiň maksady we wezipeleri:
- Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini çeper görnüşde beýan etmek;
- Talyp ýaşlaryň watansöýüjilik duýgularyny oýarmak, syýasy düşünjeliligini ýokarlandyrmak, zehinlerini artdyrmak, döredijilik, ugurtapyjylyk ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin şert döretmek;
- Talyp toparlarynyň arasynda bitewüligi, sazlaşygy, toparlaýyn işlemek ukybyny güýçlendirmek hem-de döredijilikli çemeleşmeklerini gazanmak.
Bäsleşigiň şertleri we tertibi:
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. Bäsleşik iki ugur boýunça gurnalyp, oňa gatnaşýan toparlar öz çykyşlaryny çeper okaýyş we fleşmob görnüşinde taýýarlaýarlar.
* Fleşmobuň girişinde talyp ýaşlaryň azyndan biri (ýa-da toparlaýyn) türkmen we daşary ýurt dillerinde parahatçylygy, Bitaraplygy we bedew batly ösüşlerimizi wasp edýän goşgy setirlerini, kitaplardan ýa-da çykyşlardan jümleleri (anyk çeşmesini görkezmeli) çeper (orkestr ýa-da saz bilen utgaşykly) ýerine ýetirmeli. Soňra topar fleşmob görnüşinde çykyşy dowam etmelidir.
* Çeper okaýyş bilen fleşmob çykyşynyň dowamlylygy 3-7 minutdan geçmeli däl.
* Çykyşda ulanylýan aýdym-sazlar we hereketler milli hem döwrebap öwüşginleri özünde jemlemeli.
* Çykyşyň dowamynda dürli görkezme esbaplaryny (baýdaklar, şygarlar, sanly tehnologiýalar we ş.m.)
ulanmaga rugsat berilýär.
Taýýarlanan çykyşlar resmi hat bilen DVD görnüşde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna 2026-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli iberilmeli.
Bäsleşigiň jemlenilişi
Guramaçylyk topary aşakdaky ugurlar boýunça baha berýärler (10 ballyk ulgam):
* Çykyşyň berlen temany (Garaşsyz Watanymyz, Bitaraplyk, parahatçylyk,
abadançylyk, agzybirlik, bedew batly ösüşlerimizi) näderejede açyp
görkezýändigi;
* Goşgy okaýan talybyň diksiýasy (sözleri aýdyň aýtmagy), sesiň äheňliligi,
goşgy setirleriniň many-mazmunyny, diňleýjä ýetiriş ukyby;
* Okalýan goşgy, fleşmobdaky hereketleriň (tanslaryň, şekilleriň) agzalan
tematika boýunça biri-birine laýyk gelmegi;
* Gatnaşyjylaryň hereketleriniň birsydyrgynlygy we toparlaýyn sazlaşygy;
* Täzeçil ideýalaryň we özboluşly tärleriň ulanylyşy;
* Gatnaşyjylaryň lybaslarynyň we sahna bezegleriniň degişli mowzuga
laýyklygy.
Bäsleșigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
Bäsleșigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Eminler topary tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler ýagny, I, II we III orunlara mynasyp bolan toparlar kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda jemlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli Diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar hem-de 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara maslahata we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web-saýtynda: iirmfa.edu.tm okap bilersiňiz.
Guramaçylyk topary:
+99365503474
m.nd@mail.ru
Soňky täzelikler
08/01/2026
Breýn-ring bäsleşigi
24/12/2025
Bäsleşigiň netijeleri jemlendi
23/10/2025
Esse ýazmak bäsleşiginiň netijeleri