11/09/2026
46
Baýramçylyga bagyşlanan dabara
2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekanynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty, milletiň myrady — ganatly aty» atly hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Gözel türkmen tebigaty — ganatlydyr bedew aty» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemlerine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ussat ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, halypa žurnalistlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halypa mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Maslahatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidde şäherindäki Türkmen jemgyýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Saýeedullah Jumanyň, halypa žurnalist, şahyr «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri Dursun Tekäýewanyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bilen işleşmek boýunça bölüminiň baş hünärmeni Güljan Hojaliýewanyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Gülnar Çaryýarowanyň döwrümiziň özgerişlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagtyny açyp görkezýän täsirli çykyşlary diňlenildi. Turuwbaşdan, buýsanja, guwanja ýugrulan çykyşlaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunow we onuň şägirdi Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Orazow bilelikde milli saz guralymyz dutarda saz çalyp berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» ansamblynyň aýdymlary hem-de zehinli şahyrymyz Laçyn Pürjäýewanyň çuň manyly şygyrlary dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerinde Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglaryň gowşurylyş dabarasy guralyp, ol şowhunly el çarpyşmalaryna, ýeňijileriň ýürek buýsançlaryna, şeýle-de baýramçylyk gutlaglaryna baý boldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty, milletiň myrady — ganatly aty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Oguljan Kurbanowanyň bolmagy bizi buýsandyrýar. Biz hem talyp deň-duşumyzy gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa döredijilik äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby