30/11/-0001
754
BAÝRAM HAN TÜRMEN – IKI HALKYŇ BEÝIK OGLY, DÖWLET IŞGÄRI, TEJRIBELI DIPLOMAT, MEŞHUR ŞAHYR
- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça täze üstünliklere eýe boldy. Baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňyr çemeleşip, türkmen taryhynda uly yz galdyryp giden meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň dünýäniň altyn hazynasyna peşgeş beren eserleri bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin ähli şertler döredilýär. Sebäbi türkmen özi bolup dünýä çykmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyz hasaplanylýar. Şol şahsyýetleriň biri hem türkmeniň baharly taýpasynyň wekili, halkyň jümmüşinden çykan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmen 1497 -nji ýylda (Käbir edebiýatlarda 1507-nji ýylda) Badahşanda (häzirki Täjigistan) eneden doglupdyr [3]. Ol heniz ýaşajyk oglan wagty ejesi Nakyba hanym aradan çykýar. 1504 — 1505-nji ýyllarda Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg we atasy Ýaraly beg Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolýarlar. Onuň kakasy Seýfaly beg 1508-nji ýylda Gazna göçüp gelipdir hem-de Zahyreddin Babyryň adyndan Gaznanyň häkimi bolupdyr. Emma, ol 1526-njy ýylda söweşde agyr ýaralanýar we ýogalýar. Şondan soň Muhammet Baýram han maşgalasy Balha garyndaşlarynyň ýanyna göçüpdir. 12-13 ýaşyndaky Baýram han azda – kände syýasy wakalardan, öwrülişiklerden baş çykarypdyr. Baýram hanyň başarjaňlygy, ukyby Babyry has-da özüne çekipdir. Muhammet Babyr öz ýatlamalarynda , eger Humaýyn ýaly ukyply başarjaň oglum bolmadyk bolsa, Baýram hany öz oglum hasaplap, mirasdar bellärdim diýip ýazýar [2, 13-14s]. Elbetde, Muhammet Baýram hanyň ukyplylygy Muhammet Babyryň ogly Muhammet Humaýynyň-da söweş tälimlerinden ökdeligi, her hili ýagdaýlarda akylly-başly hereker edip bilşi nazaryndan sypmandyr. Şeýlelikde, Muhammet Baýram han Muhammet Humaýyn bilen bilelikde ähli döwlet derejeli işlerinde, şonuň bilen birlikde harby işlerinde uly hyzmatlary bitirmäge başlapdyr.
- Muhammet Babyr aradan çykanyndan soň onuň wesýetine görä, şazada Humaýyn 1530-njy ýylda 23 ýaşynda tagta çykýar. Bu döwürde hem Muhammet Baýram han Türkmen ýakyn dosty Humaýynyň ýanynda bolupdyr. Onuň şatlygyny we gynanjyny deň paýlaşypdyr. Muhammet Humaýyn tagta çykýança Muhammet Baýram han özününiň batyrlygy, wepalylygy we pähim-parasady bilen özüni tanatmagy başarypdyr. Ol baş emir wezipesini bellenipdir, patyşanyň möhürini diňe ýanynda götermän, ol möhüri gorapdyr, mumuň üçin ýörite jogapkärçiligi üstüne alypdyr.[ 2, 25s]
- Humaýyn patyşa öleninden soň, 1556 – 1560 – njy ýyllarda Beýik magollar döwletini Baýram hanyň özi dolandyrýar. Baýram han Gandagardan Hindistana gidenden soň, şol ýerde 1557 – nji ýylda uly gozgalaň turýar. Gandagar Baýram hanyň mülki bolany üçin, Tahmasp şa dostuna kömek etmek maksady bilen, gozgalaňy basyp ýatyrmaga goşun iberýär. Baýram hanyň mekir duşmanlary ýagdaýdan peýdalanyp, “Beýik Mogollar döwletini eýelemäge synanyşýar” diýip, Baýram hany ýamanlaýarlar. Şol sebäpli hem, 1560 – njy ýylda Baýram han köşkden daşlaşýar. Ýöne Ekber Baýram hanyň günäsiz, wepaly serkerdedigine düşünip, oňa täze wezipe hödürleýär. Baýram han hödürlenen wezipeden ýüz döndürip, Mekgä haja gitmäge rugsat soraýar. Ol Mekgä sapara çykýar. Patan diýen ýerde birnäçe günläp dynç alýar. Şol ýerde hem Baýram hanyň ganym duşmany, haýyn Mübärek Loha diýen adamyň ýolbaşçylygyndaky topar 1561-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda ony gapyllykda öldürýär. Baýram han ilki Şyh Hysamuddin gonamçylygynda jaýlanýar. Soňra bolsa delä getirilýär. Baýram hanyň ýegeni Hüseýinguly han 17 ýyldan soň daýysynyň jesedini Maşada getirip, Şyh Gedaý metjidiniň ýanyna jaýlaýar.
- Baýram han Beýik Mogollar döwletini berkitmekde, ony Şirhan eýeländen soň, döwleti täzeden gaýdyp almakda we dikeltmekde uly işleri bitirýär. Ol Humaýyna dost hem-de dogan hökmünde wepadar bolupdyr. Baýram han bolmadyk bolsa Humaýynyň, Ekberiň döwürlerinde Beýik Mogollar döwleti hem bolmazdy. Baýram han imperýanyň hemme ýerinde tertip-düzgünli goşun birikmelerini dörenýär. Şol birikmeleriň söweşjeň ukybyna aýaryn üns berýär. Goşundaky bölümleriň serkerdeleriniň ylmy derejelerine, ukybyna, esgerlere bolan garaýyşlaryna-da üns berýär. Baýram han Baharly türkmenleriniň ajaýyp şahyry beýik serkerdebaşysy bolupdyr. Ol akylly-başlylyk, parasatlylyk, edermenlik, wepalylyk, ylymly-sowatlylyk, adamkärçilik ýaly gowy häsiýetleri, sypatlary özünde jemleýär.
- Mogol imperýasynyň taryhyny ýazan alymlaryň tassyklamagyna görä, Baýram han özüne doly erk eden, batyr we özbaşdak adam bolupdyr. Ol hiç wagt söweş meýdanyndan gaçmandyr, deňi-taýy bolmadyk batyr bolupdyr. Taryhçy Badaony : “Baýram han parasatlylykda, geçirimlilikde, göwni açyklykda, hoşniýetliklikde, öz döwürdeşleriniň hemmesinden artykmaçdyr” diýip belleýär. [5, 36s]
- Türkmeniň beýik ogly Beýik Mogollar döwletinde wezir bolan döwründe Ekberiň atalygy bolup, onuň adyndan döwleti dolandyran döwründe ýurdy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna ýetirýär, onuň goşunynda uly özgermeler geçirip, kanun çykaryjy edaralarynda kazyýet we beýleki ýokary wezipeli gulluklarda, goşunbaşylyklarda işlär ýaly halkyň arasyndan abraýly, zehinli, halk üçin alada edýän, ugurtapyjy adamlary gözläp tapypdyr we işe belläpdir. Olardan adalatly bolmagy talap edipdir we şolar bilen birlikde olara işlemäge şert döredipdir. Ol il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlary, görnükli dini hadymlary, adygan şahyrlary köşge çagyryp, olar bilen söhbetdeşlik gurnapdyr, maslahatlaryny alypdyr. Alymlara, binagärçilik bilen meşgul bolýanlara, taryhçylara, şahyrlara we medeniýetde işleýänlere howandarlyk edipdir.
- Türkmenler taryhda 70-den gowrak döwlet döreden halkdyr. Olar şol guran döwletleriniň halklarynyň taryhyna, durmuşyna, medeniýetine taryhy ähmiýetli goşantlaryny goşupdyrlar. Şol döwçrleri edara edýän türkmen patyşalary, soltanlary, han-begleri ylmyň, medeniýetiňş, taryhyň, edebiýatyň ösüşine uly täsir edipdirler we özleri hem ençeme dilleri bilipdirler, şahyrçylykdan hem başy çykypdyr. Şol şahsyýetleriň biri hem Muhammet Baýram han hanhanandyr we onuň ogly Abdyrahym Baharlydyr. XVI asyrda Hindistanyň we türkmenleriň taryhynda aýgytlaýjy orun tutan, şahyr, beýik serkerde, döwlet işgäri Baýram han ylmyň dürli ugurlarynda: taryhdan, astronomiýadan, medisinadan, yslam kada-kanun ylymlaryndan, ykdysadiýetden baş çykarypdyr. Ol türkmen , pars, arap, hindi, urdy dillerinde eser ýazypdyr. [4,20s]
- Baýram han ýaşlykda şygyr sungatyny, onuň inçe syrlaryny kemsiz ele alypdyr. Babyryň edebi mekdebiniň synaglaryndan üstünlikli geçýär hem-de zehinli şahyr hökmünde ykrar ediýär. Ol Babyryň döwleti danalyk bilen edara edişine, onuň bilimine, şahyrçylyk ukybyna ýokary baha beripdir.
- Baýram hanyň türkmen dilindäki şygyrlary sagdyn many-mazmunly bolup, olarda şahyrana pikir duýgular, döwür hem ýaşaýyş hakyndaky çuňňur oýlanmalar, jemgyýet we dünýä akyl ýetirmek baradaky düýpli folosofik garaýyşlar, agras pähim-paýhaslar sadadan çeper beýan edilipdir. Şahyr türkmen diliniň gymmatlyklaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyr. G. Alyýew Baýram hanyň döredijiligini öwrenip: “ Onuň türkmen dilindäki gazallarynyň çeperçiligi, hat-da parsy dilindäki gazallarynyň çeperçiliginden hem ýokarydyr” diýip belleýär. Baýram hanyň gazallary, rybagylary türkmen halk aýdymlarynyň äheňinde ýazylypdyr. Halk aýdymlarynyň gaýtalap bolmajak çuň labyzlylygyny Baýram han öz gazallarynda beýan edipdir. Bäş asyra golaý mundan öň, onda-da türkmen topragyndan uzaklarda ýaşap, arassa ene dilinde kämil hem çeper eserleri ýazmagy başarypdyr. Onuň eserleriniň diliniň düşnükliligi, arassalygy, nepisligi, baýlygy, ajaýyplygy Baýram han türkmen dilini bütin durky bilen tüýs ýürekden söýýänligini, oňa buýsanýandygyny, ony milli baýlyk hökmünde arzylaýandygyny aňladýar. Onuň edebi mirasyny il-güne, Watana ak ýürekden berlendiginiň ajaýyp nusgasyny hasaplamak bolar.
- Umuman, beýik türkmen gerçegi — meşhur Muhammet Baýram han örän çylşyrymly we täsirli durmuş ýoluny basyp geçýär. Onuň gaýduwsyz serkerdebaşy, uly döwlet işgäri we filosof hem-de ajaýyp şahyr bolandygy hakynda ençeme ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Watany goran merdanalaryň synmaz gaýraty her bir döwürde hem ýaşlarymyz üçin nusgalykdyr. Häzirki döwürde Watanyňy söýmek diýmek, bu hanlar hany Baýram han ýaly halallygyň hem adalatyň ýoly bilen öz asylly terbiýäňi, zandyňda baryňy aýan edip , ata-babalaryň ýoluna ygrarly bolmakdyr, olaryň mynasyp neslidigiňi subut edip bilmekdir... Merdana türkmen serkerdesi barada 1978-nji ýylda “Muhammet Baýram han türkmeniň ömri we edermenlikleri” atly iş ýazylypdyr. Bu kitaby ýazan hindi alymynyň serkerde hakynda “ Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de türkmendi...”diýen sözlerinde, serkerdäniň watançylygynyň buýsançly hakykaty ýaşaýar. Şol sözde asyrlaryň dowamynda toplanan milli tejribäniň, durmuş paýhasynyň, adamkärçiligiň iň beýik ýörelgeleriň umumylygy görünýär...
- Howa, ýaşuly nesliň öz perzendine watançylygy terbiýelemegiň maksady olarda adamkärçiligiň, iýen duzuna, rysgalyny eçilen topragyna ygrarlylygy kemala getirmekdir, adamkärçilikli bolmagyň mähümdigini olaryň aňyna guýmakdyr. Adamkärçilikli bolmak her türkmeniň ümrüni mertebelendirýän beýik ýörelgedir. Ýogsam seniň özüň kim bolandygyň, iliň üçin nähili gowy işleri edendigiň bahasy bolmaz. Çünki gowylyk gowy göreldedir. Görelde almak bolsa ýagşylygy ile ýaýmakdyr. Gowy görelde ile ýaýylyp, adamkärçilik ýörelgesine täzeden ýaşaýyş berilýär. Dünýäde Watanymyzyň giňden tanalmagynda ullakan taryhy wezipäni amala aşyran şahsyýetlerimiziň, şol sanda, Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri hem şuňa anyk mysaldyr. Meşhur serkerdäniň mertligi, onuň adalatlylygyndadyr, sözüne ygrarlygyndadyr. Garagoýunlylaryň nesilleriniň Hindistanda özüni aldyryp, Baýram han türkmeniň, onuň ogly Abdyrahym hanyň “Hanlar hany” derejesini alandygydiňe bir taryhy kitapda däl, eýsem, onuň her bir türkmeniň hakydasynda hem ýaşaýandygyny bellemekçi...”[1 (65-66-67)]
- Türkmen halkynyň döwlet gurmak, döwletlilik ýörelgeleri, şeýlede diplomatiýasynyň taryhynda mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahs hasaplanylýan Muhammet Baýram han Türkmen baradakly türkmenleriň Hindistandaky taryhy yzlary hakynda ençe makalalary ýazan halypa taryhçy J. Hatamow “Köplenç, hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçiler unudylýar. Ýöne taryh Baýram han türkmen babatda welin, dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin däl”. Halypa taryhçynyň bu sözleri hakykatdan hiç hili daş düşmeýär. Muhammet Baýram hanyň harby hereketleri, meşhur serkerde we döwlet işgäri, tejribeli diplomat we döwrüň meşhur şahyry bolandygy baradaky maglumatlar bilen tanyşanyňda hakyky türkmen gerçegine mahsusu bolan batyrlygy, edermenligi, wepadarlygy we uçursyz pähim-paýhaslylygy görmek bolýar.
- Baýram han Türkmeniň eserlerini iklinji çapa taýýarlan iňlis alymy gündogarşynas Denison Ross : “Ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýynyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň isminiň XVI asyryň durmuşynda görkezip , Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar” diýýär. Baýram han beýik döwlet işgäri, akyldar, pelsepeçi we ajaýyp şahyr hökmünde dünýä alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň ünsüni özüne çekýär. Baýram han Türkmen beýik şahsyýet bolandygy sebäpli, doganlyk halklaryň köpüsi ony öz şahyry hasaplaýar.
- Alym, şahyr, goşun serkerdesi, diplomat Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han-hanan türkmen we hinde halklarynyň medeni mirasynda ýatdan çykmajak yz galdyran meşhur şahsyýetlerdir. Bu şahsyýetleriň goşgularyny hindi halky häzirki wagtda-da baýramçylyklarda, ýygnanşyklarda höwes bilen okaýarlar. Munuň özi Muhammet Baýram hanyň we Abdyrahym han-hanayň döredijiligiň ýeke Türkmenistanda däl, eýsem Hindistanda hem giň ýaýrandygyny ýene bir gezek subut edýär.
- Edebiýat
- Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” TDNG, Aşgabat- 2020
- M. Aýdogdyýew, A. Nazarow “Baýram han Türkmen we onuň döwri” TDNG, Aşgabat -2003
- Jeparguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew . “ Hindistan we türkmenler” Türkmenabat 2009 ý
- Baýram han türkmen eserler ýygyndysy TDNG, Aşgabat – 2012
- “Baýram han türkmen – iki halkyň beýik ogly” taryh ylymlarynyň doktary , professor M. Aýdogdyýewiň umumy redaksiýasy bilen. Aşgabat – Nýu – Deli. 2000
- Sona Jumageldiýewa, Gozel Açilowa,
- Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
- Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň
- Mugallym-stažory
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI