30/11/-0001
612
Baýram han Türkmen - döwlet işgäri we diplomat
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçy-lygynda ýurdumuzyň taryhyny we taryhy şahsyýetleri öwrenmeklige çuňňur çemeleşilip, bu ugurda önjeýli netijeler gazanylýar.Türkmen halkynyň döwletlilik taryhynyň, onuň diplomatiýasynyň taryhynda mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahslaryň biri Muhammet Baýram han Türkmeniň awtobiografiýasyny öwrenmeklige häzirki wagtda aýratyn üns berilýär.
Baýram han16 ýaşynda Humaýunyň goşunyna meýletin girýär.Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlylygy, düşbiligi, harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar. Hatda bir ýyl geçmänkä, ol şazada Humaýunyň ýakyn egindeşleriniň biri we egindeşi bolýar. Ol orta boýly, bugdaý reňk, on iki süňňi ýerbe-ýer, mertebeliligi ýüzünden görnüp duran, peşeneli adam bolupdyr. Aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr, öz ata-babalarynyň kesp käri bolan çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, naýza sançmak, ok atmak ýaly birnäçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir [6, 2 s].
Türkmenleriň Hindistandaky taryhy yzlary hakda ençeme makalalar ýazan halypa taryhçy J.Hatamow Baýram hanyň taryhy hyzmatlaryna baha berip: «Köplenç, hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçileri unudylýar. Ýöne Baýram han Türkmen babatda welin, taryh dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperiýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin däl [3, 1 s]» diýip ýazanynda, ol müň kerem mamladyr.
Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişori Pandiniň “Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri [1, 35 s]” atly işinde Baýram han hakda “Döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek ýokdy, çünki ol türkmendi şoňa görä-de onuň mogol we sünni hökümdarlarynyň köşklerinde duşmanlary hem bardy [4, 2 s]“ diýip belläpdir.
Humaýunyň döwründe Beýik Mogollar döwleti gowşap başlaýar. Haçanda ol 1540–1555-nji ýyllarda 15 ýyllap Hindistany dolandyrmakdan mahrum bolanda [3, 1 s] Baýram hanyň başarjaňlygy, ugurtapyjylygy bilen bu döwlet täzeden diýen ýaly dikeldilýär.
1539-njy ýylda Biharyň häkimi owgan asylly Şirhan( Şir şah Sury) Humaýuna garşy gozgalaň turuzýar we beýik Mogollar döwletiniň tagtyny eýeleýär [4, 5 s]. Baýram han hem Humaýunyň tagtyny goramak üçin, 1540-njy ýylda Kannawujyň etegindäki söweşde Mogol goşunynyň toparyna ýolbaşçylyk edýär. Emma Humaýuny halas etmek üçin, Şir şanyň goşunyna ýesir düşmeli bolýar [5, 5 s]. Şol wagtlar batyr, harby serkerde Baýram hanyň şöhraty, at-owazasy eýýam owgan ýurdyna hem ýaýran eken. Şir şa her edip, hesip edip ol batyr türkmeni öz tarapyna yrmak isleýär. Oňa iň ýokary derejeler, ummasyz peşgeşler wada edýär, emma Baýram han Şir şanyň teklibini inkär edýär we ýesirlikden gaçmagy başarýar [6, 4 s]. Şondan soň Baýram han uzak wagtlap sergezdançylyk edip, Humaýuna ykrarly bolan Güjerat hökümdary Mahmydyň ýurduna barýar. Şeýlelikde, Baýram han 2 ýyl geçensoň, özüniň ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýunyň lagerine gaýdyp gelmegi başarýar [6, 5 s].
Baýram han uly syýasy-diplomatik işleri alyp barypdyr. Ol Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýär. Bu meselede ol arka durar ýaly güýçli bir ýaran gözleýär. Baýram han ene tarapdan türkmenlere garyndaşlygyny göz öňünde tutup, ýaran hökmünde Sefewi döwletini saýlap alýar [3, 1s].Ol Humaýuny Sefewi türkmenleriniň döwletiniň patyşasy Tahmasp I ýanyna äkidip, Şir şaha garşy harby kömek soraýar [4, 5 s].
1543-1544-nji ýyllarda Muhammet Baýram han mogol-sefewi gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmeginde uly işleri ýerine ýetiripdir. “Jöwher Aftarçy, Baýezit Baýat, Abdylbaky Nihawendi, Kemal Ram, Sukumar Reý, Ram Kişor Pandi, Munşi Praşad, Jawaharlal Neru we beýleki hindi taryhçylary mogol döwletiniň döremeginde, berkemeginde we şadöwlete öwrülmeginde, şeýle hem gaýtadan dikeldilmeginde Baýram hanyň ykbal çözüji rol oýnandygyny degerli maglumatlaryň üsti bilen açyp görkezdiler [1, 46 s]” diýip, M. Aýdogdyýew öz işinde belläp geçýär.
Sefewi hökümdary Tahmasp şanyň (1524–1578 ý.) goldawyny almak üçin Baýram han özüniň diplomatik ussatlygy bilen Humaýunyň 1543-nji ýylda Horasana saparyny üstünlikli gurnaýar. Baýram han Türkmeniň bu üstünlikli diplomatik missiýasy hakda onuň on birinji arka nesli bolan Hasan Aly beg Munşi Debi Praşad «Hanhanannama» eseriniň sözbaşysynda şeýle ýazýar: «Mogol döwletini dolandyrmaga goşant goşan adamlaryň sany kän, ýöne olaryň naýbaşysy bolup, aýratyn hyzmat görkezen hanlar hany Baýram han we onuň maşgalasyna degişli bolan adamlar durýar. Ady meşhur bolan bu maşgalanyň Mogol döwleti bilen baglanyşygy birnäçe nesiller boýunça dowam edipdir. Olaryň goşun serkerdeligindäki, ylymsöýerligindäki, dostlukdaky we howandarlykdaky aýratynlyklaryna taryhyň sahypalary şaýatdyr. Mogol döwletinde ukyplylykda we edermenlikde özüni tanadyp gelen adamlar kän bolupdyr. Emma Baýram hanyň we Abdyrahym hanyň şöhraty we at-abraýy ýaly belentlik başga hiç kime miýesser etmändir [3, 1 s]» diýip, belläp geçipdir.
M. Aýdogdyýewiň ylmy işinde: “Muhammet Baýram han Sefewi şasy Tahmasp şa bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Duşuşyklardan soň, mogol-sefewi ylalaşyklaryna degişli möhüm resminamalar taýýarlanypdyr. Bu meselede Muhammet Baýram han uly hyzmat bitirip, öz ylym-bilimliligini, pähim-parasatlylygyny görkezipdir we Tahmasp şany haýran galdyrypdyr. Bu ylalaşygyň baglaşylmagy Muhammet Baýram han Türkmeniň beýik diplomatik ýeňişleriniň biri bolupdyr [1, 47 s] . Şeýlelikde, mogol imperatory Humaýun Muhammet Baýram hanyň kömegi bilen uly mümkinçilige eýe bolupdyr.Tahmasp şanyň myhmanlarynynyň öňünde goýan şertleri hiç hili bir agyr borjuň egne alynýandygyny aňlatmandyr. Ol şertleriň hiç biri-de doly ýerine ýetirilmändir.” diýlip bellenýär [2, 52 s].
Şeýlelikde, Baýram hanyň bu imperiýanyň gaýtadan dikeltmekdäki syýasy-diplomatiki hem-de harby tagallasy bimöçber bolupdyr. Baýram hanyň Humaýunda Hindistanyň tagtynda ikinji gezek oturjagyna ynam döretmegi we ony Eýrana Tahmasp şanyň ýanyna äkitmegi, bu beýik türkmen şahsynyň öňdengörüjiligini, döwlet döretmekde we dolandyrmakda uly şahsdygyny görkezýär. Bu hyzmaty üçin hut Tahmasp şanyň we Humaýunyň bilelikdäki permany bilen Baýram hana «Han hanan», ýagny «Hanlar hany» diýen belent dereje berlipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew şonda hatda Baýram hany bütin türkmen taýpalarynyň aksakaly [3,2 s] diýip yglan etmek hakda-da pikiriň orta atylandygyny ýazýar.
Eýran goşunynyň kömegi hem-de mogollaryñ edermenligi galyberse-de owgan serdarlarynyñ arasyndaky dawanyñ mogol goşun serkerdesi Baýram Han tarapyndan oñat peýdalanmagy netijesinde demirgazak Hindistanda beýik Mogol imperýasy gaýtadan dikeldilýär [6, 3 s].
Baýram han Eýranyň we Mogol imperiýasynyň hökümdarlarynyň aralarynyň ýakynlaşmagynda aýgytly rol oýnapdyr. Netijede, olar Humaýun bilen Owganystanda öz häkimiýetini dikeltmek üçin Eýran şasyndan harby kömek almagy başarypdyrlar. Soňra Humaýun Baýram hany Kandagara ilçi edip iberýär, ol ýerde şäheriň häkimini boýun bolmaga razy edýär we hiç hili garşylyk görkezmän, raýat bolmagyny gazanýar. Täze häkim edip Humaýun ylalşyga görä, Eýran şasynyň ogluny belleýär, ýöne ol tiz wagtdan aradan çykýar we Kandagarda häkimiýet başyna Baýram han geçýär.
Baýram han indi diňe bir öňküsi ýaly mogollaryň belli we uly serkerdesi hökmünde däl-de, ýokary ukyply edara ediji we döwlet işgäri hökmünde-de tanalypdyr.
Molla Abdul Kadyr Bedeuny : “Kandagarda Baýram hanyň ýurdy edara edişi ajaýypdy, sebäbi bu tertip parahatlygy, bolelinligi, abadançylygy aňladýardy. Baýram hanyň edara edişi ylmy, sungaty ösdürmegiň ajaýyp nusgasy bolupdyr [1, 38 s]” diýip belleýär.
Baýram han özüniň häkimlik eden döwründe Kandagaryň we Owganystanyň beýleki welaýatlarynyň ýagdaýyny gowy bilipdir. Ol Humaýunyň häkimiýetini pugtalandyrmakda oňa wepaly bolupdyr we imperiýanyň iň bir galagoply bu welaýatlaryny dolandyrmakda uly kömek edipdir. Humaýun Kabula, Badahşana we Balha eden harby ýörişlerinde, Baýram han ony harby enjamlar, nökerler we gerek zatlaryň hemmesi bilen üpjün edipdir. Merkeze boýun egmeýän ýerli harby serkerdeleri imperator Humaýun bilen ýaraşdyrmakda-da Baýram hanyň roly uly bolupdyr [1, 32 s].
Sefewileriň diplomatik goldawyny üpjün eden Baýram han Türkmen Owganystanda goşun toplap, birleşen sefewi-mogol goşunyna serkerdelik edip, 1555-nji ýylda Delini Beýik Mogollara gaýtaryp [3, 1-2 s] beripdir.
Baýram Han imperator Humaýunyñ ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar, imperatoryñ ýanynda uly wezipäni eýeleýär hem-de onuñ hakyky dosty bolýar. Humaýun Baýram Hanyñ döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlygy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir [6, 3-4 s]. Baýram hanyň hyzmat edýän şanesli bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açmagy onuň nika diplomatiýasynyň inçe tilsimini ussatlyk bilen ulanandygyndan habar berýär [3, 2 s]. Ol 1557-nji ýylda Babyryň agtygy Selime soltan begime (ol Ekberiň süýtdeş uýasydyr) öýlenip, hökümdar neberesi bilen garyndaşlyk açýar. Humaýunyň özi bolsa 1556-njy ýylda Baýram hanyň uýasy Mahy Çiçek begime öýlenipdir. Baýram han Humaýunyň doganlary bilen tagt üstünde çykan dawalaryny hem düzgünleşdirmegi başarypdyr.
Dogrusy, döwletiň binýadyny goýan Babyr hem bolsa, ony berkiden, beýgelden, giňelden içerki duşmanlardan arassalap, daşary ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýan, Hindistanda indus-musulman garşylygyny aradan aýyrmaga synanyşan Ekber şa bolupdyr. Ekber milletine seretmezden, ýurda bir bitewi Watan hökmünde seretmegi halkynyň aňyna guýmagy başarypdyr. Elbetde, Ekberiň döwleti dolandyryş sungatynda uly ussatlyga ýetmeginde onuň atalygy Baýram han Türkmeniň hyzmaty uludyr. Şonuň üçin hem, Humaýunyň ogly Ekber Baýram hana Hanbaba diýip ýüzlener eken.
Taryhçy Ö.Gündogdyýewiň adalatly belleýşi ýaly «Baýram han — beýik türkmen şahyrydy, döwlet işgäridi, diplomatdy, şöhratly serkerdedi». Türkmen halkynyň bu beýik ogluna hormat hökmünde Delide «Türkmen derwezesi» [3, 2 s] gurlupdyr.
Türkmenistan öz döwlet Garaşsyzlygyny alandan soň, Baýram hanyň şahsyýetine, döredijiligine, aýratyn-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köp üns berlip başlandy. Bu beýik şahsyň 500 ýyllyk senesi 2000-nji ýylda dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýram han urdu, hindi, türkmen we pars dillerinde ajaýyp şygyrlar ýazypdyr. Onuň eserlerini ilkinji çapa taýýarlan iňlis alymy gündogarşynas Denison Ross:«Baýram han ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýunyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň ismi XVI asyryň durmuşyny görkezip, Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar» diýýär. Baýram hanyň döredijiligi barada ilkinji iş ýazyp maglumat goýup giden Zahyreddin Muhammet Babyryň gyzy Gülbeden hanymdyr. Ol özüniň dogany Humaýuna bagyşlap ýazan «Humaýunnama» atly kitabynda Baýram han we onuň maşgalasy barada gowy hatyralar goýupdyr. XVI asyrda pars dilinde ýazylan bu kitap 1900-nji ýylda Londanda iňlis alymy Beberij tarapyndan iňlis diline geçirilip neşir edilipdir. Şonuň ýaly hem 1606-njy ýylda Muhammet Kasym Fereşte tarapyndan pars dilinde ýazylan «Taryhy Fereşte» atly iş hem iňlis diline terjime edilipdir.
Baýram hanyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanyp iňlis dilinde ýazylan işlerden Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» at bilen 1990-njy ýylda neşir edilen iş bellenmäge mynasypdyr. Iňlis alymy Denison Ross Baýram hanyň şygyrlaryny 1910-njy ýylda Kalkuttada neşir etdirýär. Baýram hanyň ady we onuň bilen bagly wakalar Hindistanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň, Horasanyň, Türkmenistanyň şol döwürdäki taryhy bilen bagly wakalarda agzalyp geçilýär. Şeýle işlerden Gülbeden Begimiň «Humaýunnama», Abdulkadyr Bedeunyň «Muntahabut-tawarih», «Taryhy Fereşte», «Tekmili Ekbernama», «Taryhy Humaýunşahy», «Taryhy Hakky», «Ekbernama» we başgada birnäçe eserleri görkezmek bolar [ 4, 7 s].
Baýram hanyň şygyrlaryny türkmen halkymyza ýetirmekde G.Alyýewiň aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek. G.Alyýewiň bellemegine görä, Baýram han pars we türkmen dillerinde diwan ýazypdyr. Onuň pars dilinde ýazan diwany 1216 setirden we türkmen dilindäkisi 750 setirden ybaratdyr. Bu setirlerde Baýram han gazallar, rubagylar, kasydalar, kytgalar we ferdler döredip, olar many-mazmuny we tematikasy taýdan dürli-dürlidir. Baýram hanyň saýlanan eserleri 1969-njy ýylda rus dilinde we 1970-nji ýylda M.Kösäýew, R.Alyýew tarapyndan ýörite kitap bolup çykýar.
Türkmenistan Garaşsyz we Bitarap döwlet bolandan soňra, onuň şahsyýetine we döredijiligine köp üns berlip başlandy. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty Baýram hanyň türkmen diwanyny neşir etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2009-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat geçirdi. Oňa 40-a golaý döwletden 60-a golaý daşary ýurtly alymlar gatnaşyp, ýerli alymlar bilen Baýram hanyň döredijiligi we şahsyýeti barada gyzykly we gymmatly çykyşlar etdiler. Olaryň çykyşlarynyň gysgaça beýany neşir edildi. Ony beýik döwlet işgäri we ajaýyp akyldar-şahyr hökmünde hemmeler hormat bilen ýatlaýarlar [ 4, 8 s].
Baýram han ynsan gymmatlyklaryndan söz açyp, her bir ýigidiň üç sany zady bilmelidigini belläpdir:
1. Häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmaly;
2. Garyp-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmeli;
3. Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmaly [6, 6-7 s].
Türkmen halkynyň beýik ogly Baýram hanyň döredijiligi edebiýat ylmynyň dürli ugurlary, pelsepesi, şahsyýeti we onuň beýik döwlet işgäri hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr. Onuň ýadowsyz tagallasy bilen Orta Aziýa, Owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy Gündogar ýurtlarynda halklaryň medeni hyzmatdaşlygynyň ösmeginde hem-de özara dostlugynyň pugtalanmagynda eden işleri örän uludyr.
Edebiýatlar:
M. Aýdogdyýew, Baýram han Türkmen- iki halkyň beýik ogly. Aşgabat-Nýu-Deli 2000ý.
M.Aýdogdyýew, A. Nazarow. Baýram han Türkmen we onuň döwri. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2003ý.
https://iirmfa.edu.tm.> public PDF.
www.kitapcy.com, Baýram han, taryhy şahslar.pdf.
O. Ekäýew, Hanlar hany Baýram han_Ylymlar akademiýasy.pdf.,
“Türkmenistan” gazeti 2021.04.01.
https__turkmencultur.com_menu_ml_t10_bayram.html.pdf.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Batyr Esenow
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI