30/11/-0001
817
BAÝRAM HAN TÜRKMEN – DÖWLET IŞGÄRI WE DIPLOMAT (Babanyýaz GUBAÝEW)
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbаnguly Berdimuhаmedоw:
- Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsine äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça täze üstünliklere eýe bolýar. Baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşip, türkmen taryhynda uly yz galdyryp giden beýik şahslarymyz baradaky bize belli bolan we täze anyklanylan gymmatly maglumatlary halka ýetirmek, mukaddes borjumyzy abraý bilen ýerine ýetirdigimiz bolar. Şol esasda, türkmeniň baharly taýpasynyň wekili, halkyň jümmüşinden çykan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr Baýram han Türkmeniň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi danalyk, ynsanyýetiň gymmaty, adalat ugrunda jan çekýän we göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan şahsyýetdir.
Baýram han Türkmen 1500-1505-nji ýyllarda Badahşanda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça garagoýunly taýpasynyň baharly kabylasyndandyr. Onda-da hökümdarlar neslindendi. Bahar, bahar ili, baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imr ili, hususanda, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi. On alty ýaşyndan başlap Baýram han Türkmen Mogol patyşalaryna gulluk edip başlaýar. Baýram han tizlikde özüniň batyrlygy, ökde serkerdelik ukyby, şahandaz şahyrlygy we mertligi bilen Humaýunyň iň ýakyn dostuna öwrüldi. Onuň ata-babalary-da bidöwlet adamlar däldi. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň (1410-1468ý.) hökümet gullugynda bolup, köşklerde hyzmat edipdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. “Öň akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, asylzada gelip çykyşly Baýram han edep-ekramy, bilim-terbiýäni hökümdarlaryň hyzmatynda bolar ýaly derejede görüpdi. Baýram han ergeneksiz eklenip, terbiýesiz saklanan kişilerden däldi.
Hanlar hany Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri tutuşlygyna diýen ýaly mogol imperiýasyny dikeltmäge, berkitmäge we ösdürmäge bagyşlanypdyr. Onda ynsana mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetler, taryhda juda seýrek gabat gelýän şähsyýetlere mahsus birtopar şahsy aýratynlyklar jemlenipdir. Ol özünde dürli artykmaçlyklary saklapdyr we onuň ýaly şahsyýet hakykatdan-da, adamzat taryhynda seýrek gabat gelýär. Bu türkmen şahsyýeti diňe bir harby gullukçy hökmünde däl-de, eýsem gullukçylaryň baştutany, şeýle-de jemgyýetçilik hem-de harby meseleleri boýunça iň tejribeli adam hökmünde mogol taryhynda belli bolupdyr. Baýram han gylyja örän ussatlyk bilen erk edip bilipdir. Ol sada, çydamly we sabyrly döwlet işgäri bolupdyr. Ol dinlere alagöz seretmändir, adamlary dini ynaçlary boýunça bölmändir. Baýram han ähli dinleri sylapdyr, olara hormat goýupdyr. Ol dönüklik, namartlyk, ýalan sözlemeklik, ikiýüzlülik ýaly ýaramaz häsiýetleri ýigrenipdir. Baýram han bu meselede hat-da iň ýakyn dostlaryna-da eglişik etmändir. Ol mogol tagtyna wepaly bolupdyr. Mogol patyşalary Zahyruddin Muhammet Babyra, Muhammet Humaýuna, onuň ogly Jelaleddin Akbara, olaryň beýikligine edil dindarlaryň Hudaýa ynanşy ýaly ynanypdyr, olara bütin durky, jany-teni bilen berlipdir. Baýram han diňe mogol döwrüniň belli döwlet işgäri bolman, eýsem ol özgerdiji, täzelikçi, gurujy, akyldar, beýik şahyr bolupdyr.
Muhammet Baýram han türkmeniň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini, edermenliklerine onuň öz döwründe ondan soňky döwürlerde dürli taryhçylar, alymlar töwerekleýin, çuňňur baha beripdirler. Şu jähtden onuň dürli endikleri, durmuşda özüni alyp baryşy, häsiýetleri hem olaryň ünsüni özüne çekipdir.
Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri bilen baglanşykly ähli taryhçylaryň pikirlerini öwrenmek bilen, biz olaryň hiç biriniň-de bu türkmen şahsyýetiniň taryhynda, şahsyýetinde, adamkärçiliginde, şeýle hem häsiýetinde ýekeje-de ýetmezçiliginiň görkezilen ýeriniň bolmadygyna haýran galýarys. Hat-da, soňky Ýewropaly we beýleki taryhçylar hem Muhammet Baýram hanyň beýikligine, akyl-parasatyna hormat goýupdyrlar. Şol döwrüň belli taryhçysy Badaony Muhammet Baýram han barada şeýle belläp geçipdir: “Paýhaslylykda, sahylykda, sadalykda, akýüreklilikde Baýram han hemmelerden ozdurypdy”. Nizamuddin Ahmet hem bu babatda: “Ol derwüşleriň howandarydy, Şaýy mezhebine uýýardy we hoşniýetli gowy adamdy” diýip belläpdir. Sabyrlylyk we çydamlylyk oňa mydama ýaran bolupdyr. Ol hiç wagt erkini elden bermändir. Özi hakda köp adamlar ters gürrüňler ýaýratsa-da, ol paýhaslylyk bilen gepçilere jogap bermegi başarypdyr. Bu türkmen şahsyýeti ökde guramaçy, döwlet işgäri bolup, ol köşkde döwletde, şeýle hem goşunda agzybirligi, düzgün-tertibi saklamagy başarypdyr. Şol döwrüň belli taryhy işlerinde bellenilmegine görä, Muhammet Baýram han bilen 30000 töweregi esger bir supradan çörek iýipdir. Onuň ýigrimi bäş sany wepaly gullukçysy bolupdyr. Olar oňa Wekil-us-Sultanat wezipesini ýerine ýetirmäge kömek edipdirler. Olaryň hersinde 5000 töweregi esger bolupdyr. Olar Muhammet Baýram han tarapyndan uly sylag-hormata eýe bolupdyrlar.
Baýram han Humaýunyň bähbidine güýçli diplomatik işler alyp barýar. Baýram han imperator Humaýunyň ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar, imperatoryň ýanynda uly wezipäni eýeleýär, hem-de onuň hakyky dosty bolýar. Humaýun Baýram hanyň döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz atalaryndaky dostlugy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir. Baýram han hem özüniň wepalylygy bilen Humaýuna ençeme gezek subut edipdir.
Şol döwrüň belli şahsyýetleriniň biri, sünni meshebine uýýan taryhçy Badaony hem Muhammet Baýram han Türkmeniň dini garaýyşlaryna haýran galypdyr. Bu taryhçy hat-da mogol imperatory Jelaleddin Akbary köp meselelerde dinden daş düşýändigi sebäpli kapyr diýip atlandyrmaga het edip bilipdir we oňa örän tankydy nukdaýnazardan garapdyr. Ýöne Muhammet Baýram han Türkmen ony açykgöwünliligi we akyllylygy bilen bendi edipdir. Muhammet Baýram han Türkmen islendik wagtda özüne isle şeýh, isle-de diniň beýleki bir wekili dine degişli meselede sorag berse, kanagatlanarly jogap bermegi başarypdyr.
Soňky döwrüň taryhçylarynyň biri ony orta asyrlarda edermenligi, batyrlygy bilen tutuş Hindistana ady dolan, hindi milletinden bolan Şiwaja deňäpdir. Şiwaja hindi halkynyň belli taryhy şahsyýeti bolup, ol 1646-njy ýylda heniz on dokuz ýaşyndaka Bijapur şalygyna degişli Porna galasyny alyp at goýup bilipdir. Emma Muhammet Baýram han Türkmen heniz on alty ýaşly ýetginjekkä esasy goşun hatarlarynda ýolbaşçylyk edip, Badahşandan garşydaşlary çykarmagy başarypdyr.
Baýram han Türkmeniň çäksiz batyrlygy we edermenligi taryhda öçmez sahypalary ýazdy. Onuň Güjerat welaýatynda Bahadyr şa garşy, Çausa söweşinde Şirhan owgana garşy alyp baran söweşleri bireýýämden bäri mogol döwrüniň taryhynyň esasy senelerine öwrülip, öwrenilip gelinýär.
Wepalylyk meselesi hem Muhammet Baýram han Türkmeniň beýikligini subut edýän onuň türkmen hökmünde abraýyny arşa göteren zatlaryň biridir. Ol baryp, Zahureddin Muhammet Babyryň hormatyna girenden tä 1561-nji ýyllaryň başlaryna, ýagny, ömrüniň soňky pursatlaryna çenli mogol imperiýasyna, onuň imperatorlygyna wepaly hyzmat edipdir. Ol bütin durky bilen mogol imperiýasynyň hyzmatyna berlipdir.
Beýik türkmen taryhy şahsyýeti Muhammet Baýram han Türkmen barada aýdylmaly esasy zatlaryň ýene biri, onuň ýolbaşçy, döwlet işgäri hökmünde aýratynlygydyr. Ol diňe harby serkerde ýa-da goşun başlygy ýaly wezipeleri ýerine ýetirmän, eýsem hökümdar, ýiti syýasatçy guramaçy hökmünde özüni tanadypdyr. Onuň bu ugurlardaky ýiti talanty, başarjaňlygy Muhammet Babyryň, Şa Tahmaspyň, Şir han Suryň, Muhammet Humaýunyň hem nazarlaryndan sypmandyr.
Bir gezek Humaýun Knuj söweşinde owganly Şir Şadan ýeňilýär we goşuny dargaýar. Her kim öz başyny çarasa kaýyl bolýar. Şonda Baýram han Şir Şa garşy täzeden goşun toplamak üçin Laknur obasyna barýar. Bu habary eşiden Şir Şa Baýram hany tutmagy we öldürmegi buýurýar. Tutulanlaryň arasynda bolan Gwalýaryň häkimi Abulkasym we Baýram han daş keşbi boýunça biri-birine gaty meňzeş eken. Şir Şanyň jellatlary ol ikisiniň haýsysynyň Baýram handygyny bilmän duran wagtynda Baýram hanyň özi “Men Baýram han!” diýip, öňe çykypdyr. Baýramyň ölümi mertlerçe boýun almagy onuň batyrlygyna öňdenem belet bolan Abulkasymy haýran galdyrypdyr. Ol beýle adamyň duşman jellatlarynyň eline elin berilmegini islemändir hem-de merdemsilik bilen: “Men Baýram han, bu meniň nökerim, ol maňa janpidalyk etmek üçin özüni Baýram han diýip tanatjak bolýar. Goýberiň, meniň nökerim gitsin, meni öldüriň” diýýär. Şeýlelikde, Abylkasym özüni Baýram hanyň ýerine gurban edip, ony bolsa ölümden halas edýär. Mogol döwletiniň ikinji gezek Delide gaýtadan dikeldilmeginde beýik türkmen serkerdesi sözüň doly manysynda birinji derejeli rol oýnaýar. Humaýun ýogalandan soňra 1556-1560-njy ýyllarda Mogollar döwletini Ekberiň adyndan dolandyrýar. 1557-nji ýylda Baýram han Türkmen Babyryň agtygy Selime soltan begime öýlenip, hökümdar neberesi bilen garyndaşlyk açýar. Ýeri gelende ýatlasak, bu maşgala deň etmän, duş etmez diýenlerindendi. Selime soltanam şahyrdy. Munşi Debi Praşadyň belleşi ýaly, bu aýal gaty akylly we zehinlidi. Ol öz şygyrlarynda gizlin lakam hem ulanýardy. Onuň şygyrlaryndan ýekeje mysal:
Ýöne ýere “käkiliň janym tary” diýmedim,
Wah, meslikden dilimden sypdyranmy duýmadym.
Baýram han Türkmen döwleti dolandyran ýyllarynda owganlaryň we ýerli hökümdarlaryň garşylygyny basyp ýatyrmakda, döwletiň binýadyny berkitmekde köp işleri etdi. Ol döwlet işleriniň gapdalyndan şahandazlygy we şahyrlygy hem ýadyndan çykarmady. Baýram hanyň türkmen we parsy dillerinde ýazan goşgulary aýratyn kitap bolup çykdy. Baýram hanyň hökümdarlygy onuň duşmanlaryna ýaramaýardy. Göripler ony dürli ýollar bilen häkimiýetden çetleşdirmäge synanyşdylar. Ahyr soňunda Ekber bilen Baýramyň arasyna tow düşürmek olara başartdy. 18 ýaşyna ýeten Ekbere Baýramyň elinden hökümdarlygy wagtynda almaklygy maslahat berdiler. Hanbabasynyň (Ekber Baýram hana şeýle ýüzlenýän eken) özüniň hökümdarlykdan çetleşmek islemeýändigi baradaky toslamalara ahyrsoňy Ekber ynandy. 1560-njy ýylda ony Mekgä zyýarata ugratdy. Baýram han haja barýarka 1561-nji ýylda Mübärek han atly bir owgan tarapyndan duýdansyzlykda öldürilýär.
Baýram han Türkmeniň edermenligini şekillendiriş sungatynda-da beýan edipdirler. Ussat suratkeş Çary Amangeldiýew hem hindi alymy Ram Kişor Pandiniň maglumatlaryndan peýdalanyp, özüniň “Mogol döwletiniň hökümdary Humaýun we Baýram han Türkmeniň Tahmasp türkmen-sefewi döwletinde diplomatik duşuşygy” atly ajaýyp eserini döredýär. Ram Kişor Pandiniň “Baýram han Türkmen orta boýly, örän syratly we gujurly bolupdyr. Gür peşeneli sakgaly onuň ýüzüne gelşik beripdir. Geýýän eşiklerine aýratyn üns beripdir, salyhatly adam bolupdyr” diýen ýazgylary suratkeşe esasy çeşme bolup hyzmat edýär.
Baýram han Türkmen barada ýazanlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursady barada ýatlaýarlar. Biz hem köplere mälim bolan şol pursadyň deňinden sowlup geçmezligi zerur hasapladyk.
Mogol döwletiniň hökümdary Humaýun we Baýram han Türkmeniň Tahmasp türkmen-sefewi döwletinde diplomatik duşuşygy.
Deli uniwersitetindäki taryh professory Ram Kişore Pandi: “Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki Baýram han mogol däl-de, türkmendi, oňa görä-de mogol we sünni hökümdarlarynyň köşklerinde onuň duşmanlary hem bardy” diýip belläp geçipdir.
Beýik serkerde Baýram han mogollar döwletiniň berkemegi we güýçlenmegi ugrunda köp işleri bitiripdir, ol ajaýyp şahyr we beýik serkerde bolupdyr. Ol parasatlylyk, edermenlik, ygrarlylyk, ylym - bilimlilik ýaly sypatlary özünde jemläpdir we öz ýaşan jemgyýeti, şol wagtky kunçylykly syýasy ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başaran türkmen diplomaty hökmünde taryhda uly yz goýandygyny ýokarda belläp geçdik. Onuň polat ýaly berk häsiýeti, sowuk ganlylygy, ugur tapyjylygy ýaş nesillerimize nusga alarlyk häsiýetdedigi onuň geçen ýoly, edebi mirasy, adalatly häsiýeti türkmen halkyny has-da buýsandyrýar, begendirýär.
PEÝDALANYLAN EDEBIÝAT
Aýdogdyýew M, Nazarow A. Baýram han Türkmen we onuň döwri – Aşgabat Tükmen döwlet neşirýat gullugy, 2003.
Aýdogdyýew M. Baýram han Türkmen iki halkyň beýik ogly – Aşgabat- Nýu-Deli, 2000.
Baýram han Türkmen Esgerler ýygyndysy – Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012ý
Saparmyradowa G. Türkmen nakgaşçylygynda nakgaşçylyk žanry. Medeniýet žurnaly//2021 № 5.
Ч.Амангэлдьыев: к 70 летию. Издательство ’’Курсив’’, 2004.
Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň institutynyň
Hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Babanyýaz GUBAÝEW.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI