30/05/2024
925
BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI JEMLENDI
2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş alymlar geňeşiniň» we Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Çaganyň hukuklarynyň halkara kepillikleri» atly referat bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşigiň esasy maksady 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kadalaryny düşündirmek we Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlygyň ösüşini wagyz etmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça I orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Şyhdurdy Şyhyýew, II orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew we III orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Annagül Nazarowa mynasyp boldular.
Ogulsuraý GURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR