904
Balýaprak - hem saglyk, hem baýlyk
Sözbaşydaky ilkinji söz sizi biraz geň galdyryp biler. Emma söhbetdeşligi okanyňyzdan soňra, dünýäde «stewiýa», biziň ilimizde «balýaprak» (şekeroty) diýlip atlandyrylýan ösümlik özüniň peýdaly taraplary bilen size ýakynyňyz ýaly gadyrdan görner diýip umyt edýäris. Mahlasy, bu gün siziň dykgatyňyza asyryň ösümligi diýlip ykrar edilen balýaprak (şekeroty) barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi Döwletgeldi Ballyýew bilen taýýarlanylan söhbetdeşligi hödürleýäris.
— Döwletgeldi aga, ilki bilen, okyjylary balýaprak (şekeroty) bilen tanyşdyraýaly!
— Baş üstüne! «Stewiýa» terjime edilende «şekeroty» ýa-da «balýaprak» diýilýär. Ony 1500 ýyl mundan ozal hem Günorta Amerika (Braziliýa we Paragwaý sebitlerinde) yklymynda ýerli ýaşaýjylar ulanypdyrlar. Ösümlige «balýaprak» (şekeroty) diýip at berilmeginiň özboluşly sebäbi bar. Has anyk aýtsak, onuň ýapragyny arassalap, diliň üstünde goýanyňda süýji tagam berýär. Tebigatyň kanunlaryna görä, adam bedeni şekere örän bagly bolup durýar. Muňa biziň ýaly günde süýji zatlary arkaýyn iýip ýörenler kän bir parh edibem baranoklar. Emma süýji keseli bilen kesellän, şeker iýmek bolmaýan adamlar üçin balýapraga (şekeroty) tüýs Allanyň beren peşgeşi diýip bolar. Hut şol sebäpli-de, bu ösümlige asyryň ösümligi hem diýilýär. Onuň düzümindäki esasy madda «stweiazoid» diýlip atlandyrylýar. Balýaprak (şekeroty) öz süýjüligini ýapraklaryndaky stewiol glikozid maddasyndan alýar. Onuň süýjülik berijiligi adaty şeker alynýan şugundyryňkydan 200-300 esse ýokarydyr. Iň esasy tarapy-da ol süýji tagam berýär, ýöne onda hiç hili kaloriýa ýokdur. Şonuň üçin hem ol süýjili diabet we aşa semizlik ýaly kesellerden ejir çekýän hassalara şekeriň ornuny tutujy önüm hökmünde hödürlenilýär.
— Ösümligi ýetişdirmek barada toplan maglumatlaryňyzy hem biziň bilen paýlaşaýyň?!
— Balýaprak (şekeroty) köpýyllyk ösümlik bolup, onuň boýy, takmynan, 60-70 santimetrden 1 metre çenli aralykda bolýar. Ýapraklarynyň uzynlygy 5-6 santimetr çemesidir. Ösümligiň Günorta Amerikada 200, Demirgazyk Amerikada 80 töwerek görnüşi bar. Ony iki görnüşde — tohumyndan hem-de kökünden köpeldýärler. Şu ýerde tohumdan köpeldilen balýapragyň süýjülik berijiliginiň kökünden köpeldilenine garanyňda, has ýokary bolýandygyny nygtamak gerek. Ýöne bu meselede ösümligiň tohumynyň diňe 30-40 göterimini gögerdip bolýandygyny hem unutmaly däl. Has kämil çemeleşilen ýagdaýlarda tohumlaryň gögerijiligi 70 göterime çenli artyp hem bilýär. Ösümligiň howa çydamlylyk derejesi -6 gradus sowukdan +43 gradus yssa çenli aralyk hasaplanýar. Bilermenler 15-30 gradus aralygyndaky maýyl howanyň balýaprak (şekeroty) üçin diýseň amatlydygyny belleýärler. Hatar arasyny 60-70 santimetr, düýp arasyny 30-40 santimetr aralykda ekmek maslahat berilýär.
— Bu ösümlikden alynýan hasyl we onuň dünýä bazaryndaky söwdasy barada hem durup geçseňiz!
— Ilki bilen, balýapraga (şekerotuna) soňky onýyllykda ünsüň has güýçlenendigini belläsim gelýär. 2011-nji ýylda «Coca-cola» we «Pepsi» öz içgilerinde stewiol glikozid maddasyny peýdalanyp başlanyndan soňra, bu ösümlik has hem uly gyzyklanma eýe bolup ugrady. Balýapragy (şekerotuny) dünýädäki iň esasy öndüriji Hytaý Halk Respublikasy bolup, onuň dünýä möçberindäki paýy 80 göterime barabardyr. Bu ugurda ikinji orunda dünýädäki balýapragyň (şekerotunyň) 3 göterimini öndürýän Paragwaý durýar. Mundan başga-da, ABŞ, Argentina, Kolumbiýa, Keniýa, Hindistan, Wýetnam, Braziliýa ýaly ýurtlar hem balýapragy (şekerotuny) öndürmekde öňdebaryjy döwletler hökmünde ykrar edilendir.
Balýapragyň (şekerotunyň) dünýädäki söwdasy barada aýdanymyzda, onuň iň uly bazary Ýaponiýa hasaplanýar. Ösümligiň dünýädäki söwdasynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyna sanlar hem güwä geçýär. Has takygy, bar bolan maglumatlara görä, 2014-nji ýylda dünýäde balýapragyň (şekerotunyň) söwda dolanyşygy 347 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, bu görkeziji 2020-nji ýylda 565,2 million amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.
Balýapragyň (şekerotunyň) hasyly barada durup geçsek, ony her 3 aýda bir gezek ýygmak bolýar. Balýaprakdan alynýan esasy önümleriň onuň ýapragyndan öndürilýändigi üçin hem, esasan, ýapragy ýygnalýar. Ýeri gelende bellesek, onuň ýapragy ösümlik güllän mahalynda ýygnalýar. Çünki, ol güllän mahaly ösümligiň ýapragyndaky süýjülik iň ýokary derejä göterilýär. Alnan hasyl, ýagny ýygnalan ýapraklar 40-50 gradus yssy howada Gün şöhlesiniň aşagynda 9-10 sagatlap guradylýar. Hasaplamalar her gektardan ýylda 2-2,5 tonna hasyl almagyň mümkindigini görkezýär. Maglumat üçin, 2020-nji ýylda bu ösümlikden tutuş dünýä boýunça 8 million 506 müň tonnadan gowrak önüm alyndy. Häzirki wagtda onuň dünýä bazaryndaky bahasynyň bir kilogramy 15-20 amerikan dollaryna deňdir.
— Balýaprak (şekeroty) ösümliginiň ulanylyş aýratynlyklary we geografiýasy barada hem aýdyp beräýseňiz!
Sözümiziň dowamynda belleýşimiz ýaly, balýaprak (şekeroty), esasan, süýji keselli adamlar tarapyndan köp ulanylýar. Mälim bolşy ýaly, adam iýýän zadynyň tagamyny diliniň üsti bilen duýýar. Diliň hem her bir bölegi bir görnüşdäki tagamy duýmak wezipesini ýerine ýetirýär. Ylmy dilde aýtsak, diliň ujy duzy, diliň üsti süýji tagamy, diliň gyrasy bolsa ajy tagamy duýýar. Şulary göz öňünde tutup, balýapragyň (şekerotunyň) ýapragynyň diliň üstünde goýulmagy ýa-da onuň ekstraktynyň ulanylmagy beýnä süýji tagam baradaky maglumaty berýär, şeýlelikde, aşgazanasty mäz insulin öndürmäge başlaýar. Şol bir wagtyň özünde hem ol bedene şekeriň düzümindäki kaloriýany berenok. Netijede, ganyň düzümindäki şekeriň mukdary kadalaşýar.
Häzirki wagtda bu ösümligi, esasan hem, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlarda giňden ulanýarlar. Ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, balýapragyň (şekerotunyň) ýapraklary guradylyp ulanylanynda, şekerden 20-30 esse, ekstrakty ulanylanynda bolsa şekerden 200-300 esse süýji tagam berýär. Bütindünýä Saglyk Guramasynyň uzak wagta çeken barlaglarynyň netijesine görä, adam bedeni üçin günlük ulanylmaly stewiol glikozid maddasynyň mukdary 4 mg/kg diýlip kesgitlenildi. Sada dilde düşündirsek, bu kada laýyklykda, 70 kilogram agyrlykdaky beden üçin günüň dowamynda 280 milligram stewiol glikozid kabul etmek mümkindir.
— Bu ösümligiň önümçiligini Türkmenistanda ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada näme aýdyp bolar?!
Balýaprak (şekeroty) Türkmenistanyň howa şertlerinde ekip, hasyl alyp bolýan ösümlik. Bu barada eýýäm S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda degişli synaglar geçirilip, ösümlik biziň toprak we howa şertlerimize üstünlikli uýgunlaşdyryldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň howa şertlerine laýyklykda, balýapragy (şekerotuny) iki usulda ekmek bolar. Olaryň birinjisi ýurdumyzyň günorta sebitlerinde ösümligi köpýyllyk ýetişdirmekdir. Çünki, günorta Türkmenistanda gyşyna hem howa -6 gradusdan pese düşenok, düşäýen ýagdaýynda hem onuň üstüne ýukajyk ders sepmek arkaly (bu usul sowuk howada ösümligi döräp biläýjek töwekgelliklerden goraýar, galyberse-de, ders organiki dökün bolansoň, ol hasyllylygy-da artdyrýar) balýaprakdan (şekerotundan) köpýyllyk hasyl almak bolar. Ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda howanyň gyşyna has sowuk bolýandygyny göz öňünde tutsak, ony edil pomidor, hyýar ýaly birýyllyk ekinlere meňzeşlikde her ýyl täzeden ekip, hasyl almak bolar. Balýapragy (şekerotuny) senagatlaşdyrmagyň ýurdumyz üçin bähbitli tarapy, şeýle önümçilik heniz sebitde ýok diýen ýaly. Ösümligiň melhemlik häsiýetleriniň barlygy üçin içgileriň, şerbetleriň, süýjüli diabet bilen kesellänlere niýetlenilen ýörite süýjüleriň önümçiliginde giňden ulanylmagy geljekde beýleki döwletlerde hem balýapraga (şekerotuna) isleg artar diýmäge esas berýär. Galyberse-de, ol eksport etmek üçin hem amatly. Ony, esasan, üç görnüşde eksport etmek mümkin: guradylan ýapragyny, ekstraktyny hem-de gaýtadan işläp, şerbetleriň we içgileriň taýýarlanylyşynda ulanmak arkaly. Esasy önümiň onuň guradylan ýapragy ýa-da ekstraktydygyny hasaba alsak, ösümligi islän uzaklygyňdaky ýurtlara eksport etmäge mümkinçlik bar. Balýaprakdan (şekerotundan) alynýan önümiň dünýä bazaryndaky bahalary bolsa, onuň türkmen daýhanlary üçin bereketli girdeji çeşmesi bolup biljekdigini aňladýar. Özüňiz göz öňüne getirip görüň, 1 gektardan 1 tonna hasyl alnyp, hasylyň her kilogramy 10 amerikan dollaryndan satylan ýagdaýynda hem her gektardan 10 müň amerikan dollary möçberde girdeji almak bolýar. Mundan başga-da, ösümligiň derman senagatynda giňden ulanylmagy hem-de şerbetleriň önümçiliginde şekeriň ornuny tutýandygy ildeşlerimiziň saglygy babatda hem ähmiýetlidir. Şu ýerde ösümligi gaýtadan işlemegiň hem uly çykdajy talap etmeýändigini belläsim gelýär. Jemläp aýtsak, ýokardaky getiren mysallarymyz balýapragyň (şekerotunyň) ýurdumyzyň oba hojalygynyň eksport kuwwatyny köpugurlylaşdyrmakda esasy ekinleriň biri bolup biljekdigini görkezýär. Galany bolsa, telekeçilerdir ýer eýeleriniň gaýratyna bagly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz,
Arkadagly Serdarymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikleri, türkmen telekeçileriniň tutanýerli zähmet çekişlerini synlanyňda, biziň öňümizde alynmajak galanyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň. Şeýle bolansoň, ýakyn geljekde balýapragyň (şekerotunyň) hem ýurdumyzyň eksportynda mynasyp ülşe eýe boljakdygyna ynanýaryn.
— Döwletgeldi aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Alyp barýan işleriňizde, täze gözlegleriňizde üstünlik ýaranyňyz bolsun!
— Köp sag boluň!
Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI