30/11/-0001
543
Bagtyýar döwrüň, röwşen geljegiň nusgasy
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde Ýer ýüzünde Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar. «Türkmen» fenomeniniň düýp sebäplerine, onuň çuňňur filosofik köklerine düşünmäge dünýäniň abraýly döwlet ýolbaşçylary, syýasatçylary imrinýär. Hormatly Arkadagymyzyň ideýasyndan kemala gelen, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binalarynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň hem Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş dünýäniň dilinde dessana öwürjekdigini häzirden ynamly aýtmak bolar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji dekabrynda Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak waka bolup geçdi we onda kabul edilen çözgütlerdir Kararlar halk ykbalynyň täzeden rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garady. Bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň özboluşly aýratynlyklary, ýaşyl zolaklaryň innowasion mazmuny we gurluşlary häzirki zaman şähergurluşyk tejribesiniň naýbaşy derejesini özünde jemleýär. Şunda «akylly» şäher konsepsiýasynyň, sanly we elektron tehnologiýalaryň ulanylmagy, häzirki zaman internet ulgamynyň we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleriniň ýola goýulmagy Türkmenistanyň täze müňýyllykdaky öňdebaryjy derejesini tutuş dünýä aýan eder. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-nazary garaýyşlary bilen esaslandyrylan, degişli şekillerde we gurluşygy ýaýbaňlandyrylan binalarda öz beýanyny tapan «akylly» şäher konsepsiýasy hakykat ýüzünde dünýä şähergurluşyk tejribesinde öňdäki hatarlarda orun alýar.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň kabul edilendigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habar tutuş halkymyz tarapyndan uly şatlyk we buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Bu taryhy çözgüdiň tüýs ýerine düşen many-mazmunyny häsiýetlendirýän şertleriň biri-de onuň halk tarapyndan hödürlenilmegi we oňlanylmagydyr. Çünki ol halkymyza sala salmak we pikir soraşmak, welaýatyň ýaşaýjylarynyň, ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleriniň esasynda kabul edildi.
Şäheriň merkezi seýilgähindäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak baradaky çözgüt hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle möhüm çözgütleriň ähmiýetiniň halkara jemgyýetçilige öz wagtynda hem-de düşnükli mazmunda ýetirilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň-da wajyp wezipesi boldy. Dostlukly döwletleriň bular barada resmi maglumatlary almaklary we abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan täze Arkadag şäherinde durmuş-ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikleriň giňden beýan edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň kuwwatyna ýene bir gezek şaýatlyk etdi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň ähmiýetiniň milli çäklerden has uzaklara tarap giňeýändigine üns çekmek zerurdyr. Hususan-da, bu çözgüt Türkmenistanyň milli jebisligine şaýatlyk etmek bilen, parahat we abadan ýaşaýşy gurmagyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Täze tehnologiýalara, ajaýyp binalara beslenen «akylly» şäheriň depginli gurluşyklary bolsa BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Adam gymmatlyklarynyň iň ýokary beýany bolmak bilen, Arkadag şäheri halkymyzyň parahatçylyk däpleriniň köpasyrlyk tejribesiniň täze mümkinçiliklerini subut edýär.
Halkara ähmiýetli bu taryhy wakanyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda bolup geçmegi-de bagtyýar zamanany esaslandyran we halkymyzy, Watanymyzy ösüşleriň täze sepgitlerine ýetiren Gahryman Arkadagymyza bildirilýän belent hormatyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda berkarar Watanymyzyň sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň daýanjy, kuwwatly we depginli ösýän, daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji, dünýäde uly abraýa eýe bolan döwletleriň biri hökmünde giňden tanalýandygy hem hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz zähmetiniň we çuňňur paýhasa esaslanan syýasatynyň netijesidir. Islendik döwletiň içeri syýasatyndaky üstünlikleri, gürrüňsiz, onuň dünýä bileleşigindäki mynasyp orny bilen kesgitlenýär. Munuň üçin örän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli daşary syýasatyň alnyp barylmagy zerur. Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, medeni hem-de ruhy ýakynlygyň özara düşünişmek däplerini netijeli durmuşa geçirýär. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ady dakylan beýik bina bolsa, şol bir wagtda, döwletimiziň daşary syýasatynyň mizemezdigine hem şaýatlyk edýär. Onuň mazmuny ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynda, syýasy çözgütleri kabul etmek tejribesiniň aýratynlyklarynda, dünýä we sebit syýasatynda tutýan ornunda, syýasy, maliýe-ykdysady, ylmy-tehnologik kuwwatynda, geosyýasy, geoykdysady artykmaçlyklarynyň iş ýüzünde netijeli peýdalanylyşynda we başga-da ençeme ugurlarda ýüze çykýar. Sebäbi islendik döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň logiki dowamy bolmak bilen, ýurduň durnukly we agzybir ösüşi, geljege ynamly gadam urmagy ýaly ýagdaýlar daşary syýasatda-da uly ähmiýete eýedir.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabarasy, nesip bolsa, türkmeniň döretmek we gurmak sungatynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga belli bir derejede mümkinçilik berer. Dabaralara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar Garaşsyz döwletimiziň berk binýadynyň ata-baba ýörelgelerimize esaslanyp tutulandygyna, pederlerimiziň dünýäniň çar künjünde döwlet gurup, şäher gurup, yklymyň syýasy-medeni çarhyna bat bermeginiň inçe syrlaryna düşünmäge mümkinçilik taparlar. Bu däbiň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan döwrebap derejede dowam etdirilýändigine anyk göz ýetirerler. Arkadag şäheri «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary ýörelgesine öwren halkymyzyň döwlet hem şäher gurujy ata-babalarynyň gadymy Yzgant, Altyndepe, Nusaý, Merw, Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly, geljek nesillere miras goýan şäherleriniň hatarynda Arkadagyň kämil sungat eseri bolup, müňýyllyklara ýalkym saçar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Makala 24.12.2022 senesinde "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.