30/11/-0001
481
Bagt getiren Garaşsyzlyk
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Erkinlik, özygtyýarlylyk ynsan üçin ägirt uly bagt. Garaşsyzlyk bize türkmeniň däp-dessurlaryny, aslyny gaýtaryp berdi. Bagt, ruhubelentlik, buýsanç ýaly ençeme duýgulary bagyş etdi. Ýüregi heýjana getirýän ýeri hem millilige, milli ruha eýe bolmagymyzdyr. Türkmen halkymyzyň şol bagtdan paýly bolanyna bu ýyl 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň berkararlygydyr. 1991-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň konstitusion Kanuny halkymyzyň Garaşsyzlyga bolan erk-isleginiň hukuk binýadyny emele getirdi. Bagtly, bagtyýar, tugly, tugraly... halkymyz berk kanunylygyny beýan edýän Esasy kanunyny ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etdi. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.
Günüň tylla çogy gül-gülüstan Watanymyzyň üstüne hemişelik ýagty şuglasyny saçdy. Parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, dostlugy dabaralandyrýan döwletimiz hemişelik Bitarap boldy. Halk abadan, Watan özerkli, Garaşsyz bolanda bolsa ösüş-özgerişler yzly-yzyna dowamly gelip dur.
Merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlary 1991-nji ýylda amala aşyp, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni uly toý-baýram edilip giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk bize bir bitewi halkdygymyza buýsanmaga, Watanymyzyň jebisliginden ruhlanyp, abadan ýaşamaga şert döretdi. Döwletimiz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy we maddy baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Häzirki wagtda şol taryhy baýlyklarymyz, milli mirasymyz halkymyzyň milli buýsanjy bolup, dünýä özüni tanadýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary, amala aşyrýan beýik işleri netijesinde şöhratly taryhymyz has-da arşa çykýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özüniň syýasy, ykdysady ýagdaýyny ösüşiň belent derejelerine ýetirip, dünýä özüni tanatdy. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň şeýle hem daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna getirdi.
Garaşsyzlyk — bu beýik bagt! Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyzyň Baş baýramynyň bolmagy hem Garaşsyzlygyň türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygynyň güwäsi bolýar. Şeýle baky bagtly döwranda ýaşamaga, döretmäge, okamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülşat Çetiliýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI