Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
    Azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk surady
    11/03/2023

    587

    Azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk

    Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň gatnaşmagynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar.

    Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

    Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şu gezekki duşuşyga abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu meseläniň aýratyn möhümdigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär.

    Maslahatda howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine uýgunlaşan durnukly oba hojalygyny ösdürmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga degişli dürli ugurlar boýunça pikir alyşmalaryň netijeli geçendigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, FAO ýaly BMG-niň iri düzüminiň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bar bolan uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça anyk teklipleri we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berer.  

    Bilbil BERDIÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

     Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI