Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • DEBATE HELD AMONG UNESCO CLUBS ON THE OCCASION OF THE INTERNATIONAL WEEK OF SCIENCE AND PEACE
        • ÝUNESKO 15-nji dekabry — Türki diller maşgalasynyň Bütindünýä güni hökmünde yglan etdi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Awazadaky geçirilen maýa goýum forumy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti
    Awazadaky geçirilen maýa goýum forumy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti surady
    24/09/2025

    634

    Awazadaky geçirilen maýa goýum forumy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti

    Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary durnukly ösüşe eýe bolýar. Şunda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlarynyň, maýa goýum forumlarynyň guralmagy bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat, maýa goýum mümkinçilikleri, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimi giňden açylyp görkezilýär. Bu bolsa ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde örän netijelidir. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýete boldy.

    Döwlet Baştutanymyzyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» diýlip bellenilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak ugrunda tutumly işleriň amala aşyrylmagyny şertlendirýär.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary barha artýar. Şu jähetden, bu halkara forumyň esasy maksady okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan, kärhanalaryň, guramalaryň, kompaniýalaryňdyr maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary, gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmekden, döwletimiziň işewürlik abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

    Foruma öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary, iri halkara we sebit guramalary, maliýe edaralary, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleri, halkara bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle hem 45 sany ýurduň 800 wekilleriniň foruma gatnaşmaga gelendigi çäräniň geriminiň örän giňdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň mysalydyr. Bu forum maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge, innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

    Onuň çäklerinde energetika diplomatiýasynda ýurdumyzyň eýeleýän orny hem-de onuň sebit durnuklylygyna we howpsuzlygyna täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem forumyň maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar», «Howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar», ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

    Şeýlelikde, dünýäde ösüp barýan ykdysadyýeti bilen tanalýan Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan bu halkara forum ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli taslamalary amala aşyrmakda, Türkmenistany dünýä derejesinde harytlary ibermekde bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady strategiýanyň has-da rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE surady

    13/11/2025

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE
    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ surady

    12/11/2025

    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ
    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION surady

    12/11/2025

    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI