06/10/2026
23
Awaza — halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasy
Gojaman Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni ýene-de özüne çekýär. Şu ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde bu ýerde iri halkara ähmiýetli çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hususan-da, ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.
Şu günlerde Awaza belent mertebeli myhmanlary garşylamaga taýýarlanýar. Daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň möçberli geçiriljek halkara çäreleriň taryhy ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Bu günki gün pederlerimiziň «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen parasatly jümlelerine eýerilip, belent mertebeli myhmanlar deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanylýar. Olar mukaddes toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Munuň özi guraljak halkara çärelere uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan çäreler sebitiň hem-de dünýä bileleşiginiň bu wakalara uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlar, ilki bilen, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň ýokary amatlyklary bilen tanyşýarlar. Häzirki wagtda bu howa menzili ýolagçy gatnatmak we üstaşyr ýükleri geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Eýýäm türkmen topragyna gadam basanyndan halkara çärelere gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär. Şunda olar üçin ýörite medeni maksatnamanyň taýýarlanylandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
Halkara çäreleriň maksatnamasynyň mazmunyna ser salanymyzda, bu çäreleriň her biri aýry-aýry ugra bagyşlansa-da, olaryň ählisini birleşdirýän umumy pikiriň — parahatçylyk, özara ynanyşmak, halkara hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş düşünjeleridigini görmek bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylsa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna üns berler. Hazar ekologiýa sammiti bolsa umumy tebigy giňişligi goramak we ekologiýa meselelerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini öňe çykarýar.
Bu halkara çäreleriň ýene bir möhüm tarapy olaryň guramaçylyk işine ýaşlaryň we meýletinçileriň gatnaşmagydyr. Elbetde, halkara forumlaryň, sammitleriň we maslahatlaryň geçirilmegi diňe resmi duşuşyklardan ybarat däl. Şeýle çäreleriň aňyrsynda myhmanlary garşylamak, maglumat üpjünçiligi, ugur görkezmek, dil taýdan kömek bermek, çäreleriň tertibini düşündirmek we dürli wekiliýetleriň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek ýaly köp sanly işler dur. Şonuň üçin Awazada işleýän biz — ýaş meýletinçiler üçin halkara derejeli duşuşyklar möhüm tejribe mekdebine öwrülýär.
Soňky ýyllarda halkara çärelerde meýletinçiligiň ornunyň artýandygy Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna gatnaşygyny giňeltmekde, ýaşlar dialogyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we ýylyň ahyrynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat ýaly iri çärelerde meýletinçi hökmünde tejribe toplan biz — ýaşlar üçin şu gezekki çäreler şol tejribäni dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, Awazada geçiriljek çäreler Türkmenistanyň halkara gün tertibinde öňe sürýän birnäçe ugruny — parahatçylyk, ynanyşmak, dialog, durnukly ösüş, sebit hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklar ýaly düşünjeleri bir meýdançada birleşdirýär. Bu bolsa halkara dialogyň, täze pikirleriň we özara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsindäki strategik ornuny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Orazjemal ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 05.10.2026 ý.
Soňky täzelikler
07/10/2026
SHAPING THE FUTURE: WORLD TEACHERS’ DAY
06/10/2026
Hünär ýolundaky ilkinji ädimler
03/10/2026
Bilimden tejribä, tejribeden kämillige