14/04/2025
350
ATÇYLYK MUZEÝINE WE KITAPHANASYNA GEZELENÇ
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky “Paýhas we parasat” atly ylmy
gurnagynyň we Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bolan talyp ýaşlar hem-de
mekdep okuwçylary bilen türkmeniň atçylyk däpleri barada gürrüňdeşlik geçirmek
maksatly “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň muzeýine we kitaphanasyna
gezelenç guraldy.
Gezelenjiň dowamynda Ahalteke bedewleriniň gözelligi, nepisligi, ajaýyp keşbi
we ýyndamlygy barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar hem-de “Sowet
sirkiniň taryhynda doganlar Hojabaýewleriň we Annaýewleriň atly atraksion
oýunlary” barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ýaňy-ýakynda “Galkynyş”
milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty
festiwalynda çykyş edip, Altyn baýraga we ýokary derejeli pul baýraklaryna eýe
bolmagy barada hem gyzykly maglumatlar berdiler.
Atçylyk muzeýine we kitaphanasyna guralan gezelenç talyp ýaşlarda we mekdep
okuwçylarda atçylyk sungatyna bolan sarpany, seýisçilik we çapuwşynaslyk
ugrunda halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp orny eýeleýändigini subut etdi.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.