05/07/2024
826
Asman atyndaky «Arkadag»
Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka boldy.
Gysga wagtyň içinde Arkadag atly şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagynyň gudrata meňzeýşi ýaly, onuň adynyň hut Pegas ýyldyzlar toplumyndan täze tapylan ýyldyza dakylmagy-da haýran galdyrýar. Sebäbi Pegas — Gadymy Grek mifologiýasyndaky ganatly at. Araplardyr gadymy babyllylaram bu ýyldyzlar toplumyny «At» diýip atlandyrypdyrlar. Rowaýata görä, ýeliň tizligine eýe bolan Pegasyň toýnagyny uran ýerinden çeşme çykarmak ukyby bolupdyr. Gelikon dagyndaky Gippokren çeşmesiniň döremegini-de hut Pegas bilen baglanyşdyrýarlar. Ol çeşmeden şahyrlaryň ylham pyýalasyny doldurýandygy rowaýatlarda aýdylýar. Ylhamy joşa gelen şahyr barada: «Pegasa atlandy» diýilmegi-de şonuň bilen baglanyşykly.
Rowaýatlaryň ýene birine görä Poseýdon Hudaýy Pegasy ogly Bellerofonta berýär. Ol hem Pegasda dürli gahrymançylyk görkezýär. Wepaly hyzmaty üçin Pegasa asman ýyldyzlarynyň arasyndan orun berilýär. Ine, şu zatlar barada pikir edeniňde, hut Pegas ýyldyzlar toplumyndaky asman jisiminiň Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän şäheriň hormatyna atlandyrylmagynyň durmuş kanunalaýyklygydygyna göz ýetirýärsiň. Sebäbi türkmen üçin bedew ata atlanmak — bagt düşünjesi bilen manydaş. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň kemala gelen topragynda gurlan Arkadag şäheri bolsa bu gün dana Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň — türkmeniň bagt atynyň Arşa galmagynyň nyşanyna öwrüldi. Pegas atynyň toýnagyny uran ýerinden çogup çykan çeşmeden şahyrlaryň ylham alşy ýaly, Arkadag şäheri hem bu gün döredijilik adamlarynyň ylhamgähine öwrüldi.
Asman giňişligindäki «Arkadag» ýyldyzy barada geljekde kän-kän gürrüňler ediler, eserler dörediler. Pegasyň älemdäki beýleki toplumlaryňka garanda has ýygjam ýerleşen ýyldyzlarynyň 166-syny garaňky gijelerde hiç hili enjamsyz synlap bolýandygyny astronomlar belleýärler. Sebäbi Ptolomeýiň katalogynda «At» diýip belgilenen ýyldyzlar toplumynyň üç sany iri ýyldyzy Andromeda bilen birleşip, aýdyň saýgardýan dörtburçlugy emele getirýär. Şöhratly taryhly türkmeniň Arkadag oglunyň guran şäheriniň hormatyna atlandyrylan täze ýyldyz asman jisimleriniň arasynda saýlanyp duran şol dörtburçlugyň içinde ýerleşýär. Demirgazyk ýyldyzynyň taryhda kerwenlere ýol salgy berip gelşi ýaly, geljekde «Arkadag» ýyldyzy hem Garaşsyz Watanymyzyň ösüşli menzillerine ýagtylyk nuruny saçar. Ähli tarapdan nusgalyk «akylly» şäheri gurup, Garaşsyz Diýarymyzyň adyny äleme dolduran hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
"Edebiýat we sungat" gazeti 05.07.2024 ý. // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)