Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”
    25/05/2023

    849

    Aşgabat we Bişkek “dogan okaşan şäherler”

    Häzirki wagtda dogan şäherleriň arasyndaky gatnaşyklar medeniýet, bilim, ykdysadyýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýar. Bu şäherleriň arasynda özara wekiliýetleriň saparlary, sport we çeperçilik sungat hünärmenleriniň iş sapary guralýar. Medeniýet we kino günleri, sergiler, şäher dolandyryşy bilen baglanyşykly dürli mowzuklar boýunça maslahatlar geçirilýär. Doganlaşan şäherler – bu birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksatly dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Elbetde, ilkinji doganlaşan şäherler barada maglumat edinmek her bir okyjyda uly gyzyklanma döretse gerek?! Taryhy maglumatlara ser salsak, ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde “Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy” diýip, ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri hem goşulypdyr. Häzirki abadan döwrümizde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dünýäniň dürli künjeklerinde doganlarynyň bolmagy, medeni diplomatiýanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Doganlaşan şäherleriň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde paýtagtymyz we Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy döwletleriň şäherlerini berk medeni we taryhy baglanyşyklar birleşdirýär. Şeýle şäherleriň biri hem Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz Gyrgyz Respublikasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy we bu geçen döwrüň içinde dostlukly hyzmatdaşlygyň saldamly halkara-hukuk binýady döredildi. Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky dostlukly gatnaşyklar, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiziň 2014-nji ýylda Bişkek şäherinde ilçihanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işi üpjün etmekde möhüm ädim bolandygyny bellemek bolar. Gyrgyz Respublikasy ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde kabul edilen Rezolýusiýalarynyň hem ençemesiniň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň möhüm bölegini medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Iki döwletiň arasyndaky medeni we döredijilik toparlarynyň birek-birege guraýan saparlary, sungat festiwallary, dürli sergiler we beýleki çäreler däbe öwrüldi. Hususan-da, 2015-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Medeniýet günleri iki halkyň dost-doganlyk taryhynda aýratyn sahypa bolup ýazyldy. 2018-nji ýylda iki döwletiň wekiliýetleriniň arasynda Dogan okaşan şäherleriniň Teswirnamasyna gol çekilmegi, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň has-da kämilleşmegine özboluşly goşant goşup, iki dostlukly halkyň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny täze öwüşgin bilen baýlaşdyrdy. Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barha pugtalanyp, dostlukly hyzmatdaşlygyň uly geljege gönükdirilen ugurlary boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berýär. “Dogan okaşan şäherler” bolan ak mermerli Aşgabat bilen Bişkek şäherleriniň barha ösýän özara bähbitli gatnaşyklary geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça netijeli hereket etmegiň berk binýady bolar. Dünýä ýüzünde parahatçylygyň merkezi hökmünde uly ynam, hormat bilen garalýan paýtagtymyz Aşgabadyň doganlaşan şäherleriniň sanawy ýyl geçdigiçe artýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.


    Şasenem MEÝLISOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI