Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / AŞGABAT ŞÄHERINDE ULAG-LOGISTIKA MERKEZINI DÖRETMEGIŇ TASLAMASY
    AŞGABAT ŞÄHERINDE ULAG-LOGISTIKA MERKEZINI DÖRETMEGIŇ TASLAMASY surady
    22/12/2023

    1062

    AŞGABAT ŞÄHERINDE ULAG-LOGISTIKA MERKEZINI DÖRETMEGIŇ TASLAMASY

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýagty ertirleri nazarlap, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan şanly ösüşler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-Watanymyz Türkmenistan ösüşiň belentliklerine sary batly ädimler bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işler alnyp barýar. Hususan-da häzirki wagtda goňşy döwletler bilen iki taraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäklerinde ylalaşykly maksatnamalar kabul edilip, hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda ulag ulgamyny ýokary derejede ösdürmäge, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini has-da giňetmek bilen baglanyşykly täze taslamalary durmuşa ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirilýär.
    Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit we yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyz milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini yzygiderli artdyrýar. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek üçin ýokary hilli amatly şertleri döretmek bilen, Bitarap döwletimiz yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde hem döwletimiziň dünýä ýurtlarynyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatdaky halkara başlangyçlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
    Dünýäniň durnukly ösüşine itergi berýän ugurlaryň hatarynda möhüm orun eýeleýän ulag ulgamy hojalyk gatnaşyklarynda öndürijiler bilen sarp edijileri baglanyşdyryjy, haryt-söwda dolanyşygyny hereketlendiriji halkanyň bitewi bölegi bolup hyzmat edýär. Ulag ulgamynyň ýokary guramaçylygy harytlaryň içerki we dünýä bazarlaryna iberilmeginde wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ulgamda amala aşyrylýan iri taslamalar ykdysady-durmuş ösüşiniň ilerlemegine, işewürlik derejesiniň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlaryň özleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Döwrebap logistika hyzmatlarynyň ýola goýulmagy ilatyň ulag ulgamynyň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyna şert döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň üstaşyr we logistik merkez hökmünde öz eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň artmagyna goşant goşýar. Ulgamyň ählumumy ösdürilmegi Ýer ýüzüniň halkalarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
    Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde ulag-logistika merkeziniň döredilmegi maksada laýykdyr. Täze ulag-logistika merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde durmuş-ykdysady ösüşiniň ilerlemegini, işewürligiň derejesiniň ýokarlanmagyny, iri maýa goýumlaryň özleşdirilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini gazanmak mümkin.
    Täze ulag-logistika merkeziniň häzirki döwürde möhüm bazar ykdysadyýeti döwründe azyk bolçulygyny döretmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen iýmitiň hilini gowulandyrmak, şunuň bilen baglylykda oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam etmeklige gönükdirilendir. Ulag-logistika merkeziniň çäginde dörediljek ammarlar iýmitiň hilini uzak wagtlap saklap, bazara gerekli önümleri wagtly-wagtynda ýetirmäge ýardam eder. Täze ulag-logistika merkeziniň demir we awtomobil ýollarynyň çatrygynda ýerleşdirilmegi bolsa gelýän önümleri ammarlara ýeňillik bilen ýerleşdirmeklige şert döredýär.
    Täze ulag-logistika merkezi tutýan meýdany, onuň düzüm bölekleriniň aýratynlyklary, öňki bar bolan taslamalardan tapawutlanyp, iş prosesiniň netijesinde lomaý haryt dolanyşygyny gurnamak mümkinçiligini hem döredýändigi bellärliklidir. Binanyň dürli düzüm böleklerine gelýän önümleri diwersifikasiýalaşdyrmak usuly arkaly diňe bir önüm hökmünde däl-de, ýarym taýýar önümleri öndürmeklige hem mümkinçilikler göz öňünde tutulan.
    Ýurdumyzyň geljegini nazarlaýan logistika merkeziniň döredilmegi döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, halk köpçüliginiň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrylmagy, ykdysady we maýa goýumlarynyň ygtybarly dolandyrylmagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam beriji güýç bolup hyzmat eder.
    Ähli ugurlarda alynyp barylýan giň möçberli işler halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak, ýurdymyzy mundan beýläkde has-da ösdürmek, döwletimiz şeýle hem dünýa döwletleri babatda netijeli işleri alyp barmak, täze taslamalary durmuşa ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek döwletimiziň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde amala aşyrylýan maksatlaryň özeninde döwlet baştutanymyzyň giň möçberli aladalary ýatandygyny alamatlandyrýar.
    Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, öz hünäri boýunça kämil bilimli ussat hünärmenler bolup ýetişmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

    Bähbit ORAZOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda
    «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly
    ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginde 2-nji oruna mynasyp bolan,
    Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
    Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI