Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER
    AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER
    AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER
    27/05/2024

    841

    AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER

    Sebitiň 10 ýurdunyň ýaşlaryny bir ýere jemlän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginden galan täsirler
    Parahatçylyk. Dünýädäki ähli adamlaryň arzuw-isleglerini bir sözde beýan et diýseler, megerem, şol jümleden jaýdar kelam tapyp bolmasa gerek. Çünki parahatçylygyň, asudalygyň ýok ýerinde bitewi bagtam, kireňsiz şatlygam bolup bilmeýär. Şonuň üçinem türkmen aga özüniň ýagşy dileglerini «Dünýämiz parahat, ýurdumyz abadan bolsun!» diýen ýagşy dilegden başlaýar. Bu dileg gadymy halkymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçirip gelen öwüdi, möwritini geçirmeýän taglymatydyr. Muňa häzirki globallaşan dünýädäki derwaýyslyklardan ugur alyp, bu günki günde türkmen döwletiniň diňe ýurt içindäki asudalygy däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy nazarlaýan başlangyçlary hem güwä geçýär. Şol başlangyçlaryň Ýer ýüzündäki iň abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýandygy bolsa, olaryň neneň-niçik wajyp ähmiýete eýedigini hakykat ýüzünde äşgär edýär. Parahatçylyk dörediji merkez hökmünde şeýle asylly başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurduň raýaty, şeýle milletiň bir bölegi bolmak ynsan kalbynda söze sygdyryp bolmajak buýsanç duýgusyny oýarýar.
    23 — 25-nji maý aralygynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyndaky parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek maksady bilen geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň mysalynda hem muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Başgaça aýtsak, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guralan, Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemlän bu halkara bäsleşik Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynda ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna öňe sürülýän başlangyçlaryň diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, sebitiň döwletleriniň ähli ýaşlarynyň kalbyndaky ýagşy niýetler bilen bir hörpden gopýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
    ***
    Meşhur hindi syýasatçysy Mahatma Gandiniň «Eger-de dünýäde hakyky parahatçylygy gazanmak islesek, muny çagalardan başlamaly» diýen parasatly jümleleri bar. Dogurdan-da, Zeminde parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin şoňa mynasyp täze nesli terbiýelemek derwaýys şertdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny türkmen we dünýä ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek maksadyny nazarlaýan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň hakyky ähmiýeti ýüze çykýar. Sebäbi bu bäsleşik türkmen, azerbaýjan, eýran, gazak, gyrgyz, hytaý, täjik, türk, rus we özbek ýaşlaryny bir ýere jemläp, olara dünýäniň häzirki ýagdaýy, türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary barada pikir alyşmaga, syýasat, diplomatiýa, taryh we beýleki ugurlardaky bilimlerini synagdan geçirmäge hem-de birek-birek bilen paýlaşmaga şert döretdi. Bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň düzüminde gatnaşyp, özümi begendiren iki sany zady aýratyn belläsim gelýär.
    Birinjiden, bu halkara bäsleşik oňa gatnaşan daşary ýurtlaryň ýaşlarynyň Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty, ählumumy häsiýetli derwaýys başlangyçlary barada giň düşünjä eýedigini görkezdi. Muny olaryň ençemesiniň şahsy we toparlaýyn görnüşde baýrakly orunlara mynasyp bolandyklary hem tassyklaýar. Olaryň bu başlangyçlar bilen pikirdeşdikleri bolsa bizi has-da buýsandyrdy.
    Ikinjiden, bu halkara bäsleşik ýaşlar üçin özboluşly dostluk meýdançasyna öwrüldi. Gatnaşyjylar onuň dowamynda dürli halka, dürli medeniýete wekilçilik edýän, emma şol bir asylly maksady — Zeminiň parahat ertesini arzuwlaýan ýaşlardan täze dostlary tutundylar. Sözüm gury bolmaz ýaly, bir mysala ýüzlenesim gelýär: bäsleşikde şahsy hasapda birinji orna mynasyp bolan gatnaşyjy — Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň talyby Elnur Mamadow sylaglanyş dabarasyndan soňra: «Meniň bu ýerde gazananym diňe birinji orundan däl, eýsem, onlarça täze dostdan, uzak ýyllar hakydamdan çykmajak ýatlamalardan ybaratdyr. Şonuň üçin hem, bu günki günde häli-şindi gulagymyza degýän «Aşgabat — halkary birleşdirýän şäher» diýilýän aýtgynyň üstüni, Aşgabat — ynsanlary hem dostlaşdyrýan şäher» sözleri bilen ýetiresim gelýär» diýip gürrüň berdi.
    ***
    Öňde-de bir akyldar: «Bu meniň dünýäm, ýöne ol biziňki hem bolup biler» diýipdir. Makalanyň jemleme bölegine şu jümle bilen girişmegimiz ýöne ýere däl. TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň mysalynda biz bir hakykata göz ýetirdik: Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli halkara başlangyçlary tutuş sebitiň daşary syýasy garaýyşlaryny beýan etmäge ukyplydyr. Bu diňe biziň sözümiz däl, bu hakykat Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitiniň, Hytaýyň we Türkiýäniň geljekki diplomatlarynyň dile getiren ykrarlary. Şonuň üçin hem olaryň birnäçesi söhbetdeş bolan pursatlarymyzda bize şeýle ýüzlendiler: «Bu siziň başlangyçlaryňyz, ýöne olar biziň garaýyşlarymyzy hem özünde jemleýär».
    Guli NIZOMOWA,
    Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
    Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyby,
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti»
    atly halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrda birinji ornunyň eýesi:
    — Ilki bilen aýtjak zadym, türkmen paýtagty Aşgabat — örän tämiz, owadan, ýaşyl bagl yga bürenen arassa howaly şäher. Bu ýerde ähli zat ajaýyp. Dogrumy aýtsam, heniz bu şäherden gitmänkäm, oňa ýene gaýdyp gelmäge howlugýaryn. Nesip bolsa, men bu şähere ýene hökman gelerin. Ýöne mermer Aşgabada ilkinji gezek gelenimdäki, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigindäki mende galan täsirler welin, ýene gaýtalansa gerek. Bu bäsleşik, onuň çäginde guralan gezelençler mende edil ertekilerdäki ýaly duýgy döretdi. Bu bäsleşige gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň geljekde has-da gülläp ösjekdigine göz ýetirdim. Sebäbi türkmen ýaşlary örän bilimli we maksada okgunly. TDIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen tanyşlyk gezelenji guralan mahaly bir zada aýratyn üns berdim hem haýran galdym. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary, geljekki türkmen diplomatlary iňlis, rus dilleri bilen bir hatarda, bäsleşige gatnaşyjy daşary ýurtlularyň öz ene dillerinde hem suwara gürleýärler. Özümiz üçin hem bu ýokary okuw mekdebi barada özbek dilinde gürrüň berilmegi aýratyn ýakymly boldy. Şeýle zehinli ýaşlar bilen bäsleşip, gazanylan birinji orun bolsa meniň üçin aýratyn gymmatly. Sanlyja günlerde maňa ýakymly ýatlamalary sowgat eden Aşgabada, türkmen halkyna, türkmenistanly talyp deň-duşlaryma hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

    Taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
    «Biznes reklama».
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/150159

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI