04/07/2023
1225
Arkadag şäheriniň binagärligi – milliligiň we döwrebaplygyň kämil sazlaşygy
Ýakynda, 29-njy iýunda türkmen halkymyz bilen birlikde, giň halkara jemgyýetçiligi hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimiuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistanda gurlan döwrüň iň täze, innowasion derejeli “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bermeginiň şaýady boldy. Arkadag şäheriniň gurulmagy, onuň häzirki zamanyň iň ösen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, nusgalyk şähere öwrülmegi Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen halkyna bagyş eden bagtyýarlygyny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän iň ýokary görkezijidir. Bu şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ölçegidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adalatly, öňdengörüji syýasatlarynyň halkyň durmuşyndaky aýdyň beýanydyr.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklady.
Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşyklary tamamlanyp, onuň desgalary, ulanylmaga berildi. Ýakynda, 16-njy iýunda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň hem dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi.
Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, bu iri şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy guruldy. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14-siniň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär.
Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.
115 metrlik baýdak sütüni ýerleşdirilen meýdança abadanlaşdyrylyp, onuň töweregindäki otluk ýerlerde haly gölleri şekillendirilipdir. Indiden beýläk Baş baýdak meýdançasy baýramçylyk we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüler.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Dabaralaryň dowamynda “Arkadag Binasynyň” açylyşy boldy. Bu binada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewine atlanan nurana keşbi şekillendirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde onuň esasy bezegine öwrülen ahalteke bedewine bagyşlanan ýörite binanyň -- “Akhan” binasynyň gurlandygyny nygtamak hem ýakymlydyr. Bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr.
Şeýle täsin şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde mümkin boldy. Watanymyza çäksiz söýgi bilen hyzmat etmegi hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygy barada ýadawsyz alada etmegi bilen, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň çuňňur hormat-sarpasyna, ynamyna mynasyp boldy. Şäheriň merkezi seýilgähinde ýerleşdirilen “Arkadag Binasyna” Mejlisiň kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem täze Arkadag şäherinde halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da, “Intelligent Transportation System” (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanylýar.
Degişli ýol belgileri oýlanyşykly gurnalypdyr. Bularyň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygyna we netijeliligine, oňa gatnaşyjylaryň — sürüjileriň, ýolagçylaryň, pyýada ýolagçylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär.
Täze şäheriň binagärlik keşbi bu ýeriniň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şol sazlaşykda bolsa milliligiň we döwrebaplygyň kämil derejede utgaşmasy jemlenýär. Arkadag şäheriniň hut şunuň ýaly aýratynlygyny hem-de dürli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini onuň mynasyp bolan sylaglarydyr resminamalary hem tassyklady.
Arkadag şäherine dabaraly ýagdaýda gowşurylan halkara sylaglardyr resminamalaryň 21-siniň hatarynda Arhitektorlar Bileleşiginiň Halkara Assosiasiýasynyň Arkadag şäheriniň Innowasion binagärçiligi hakynda Diplomy bar. Munuň özi şähergurluşyk binagärliginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýeten belent sepgidini ýüze çykarýar.
Şeýlelikde, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde gysga wagtda, çalt depginde, ýokary hilli we innowasion derejede özboluşly görnüşde ýerli hünärmenlerimizdir gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilen Arkadag şäheri döwrümiziň beýik binagärlik taslamasydyr diýip, ynamly aýdyp bolar. Arkadag şäheri Ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň mertebesini ýene bir gezek beýgelden deňsiz-taýsyz şäheridir. Ol geljek nesillere biziň häzirki beýik taryhy döwrümizden hemişelik galjak gymmatly mirasdyr.
Selbi Nazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI