Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Arkadag şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumy üstünliklere beslendi
    Arkadag şäherinde geçirilen halkara  maýa goýum forumy üstünliklere beslendi surady
    04/07/2023

    849

    Arkadag şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumy üstünliklere beslendi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer dașary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem aýdyň görkezýär. Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap Arkadag şäheri döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäherinde ýerleşýän “Märkaw” myhmanhanasynda “Arkadag — “akylly” şäher” atly halkara maýa goýum forumy geçdi. Bu halkara foruma türkmen telekeçileri bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan 10-dan gowrak hususy kompaniýalaryň hem-de iri ugurdaş halkara guramalaryň, banklaryň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maýa goýum forumynyň birinji bölümçesinde “Ösüşiň geljegi we şäherlerdäki täze tehnologiýalar” boýunça çykyşlar diňlenildi. Ikinji bölümçede bolsa, “John Deere” kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti, “JCD UK LTD” kompaniýasynyň Halkara satuwlar boýunça sebitleýin müdiri, Täjigistanyň “Samo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy şeýle hem türkmen maýa goýumçylary çykyş etdiler. “Arkadag — “akylly” şäher” atly halkara maýa goýum forumynyň mejlislerinde Türkmenistanyň ýokary derejede ösen we täze sanly çözgütlere daýanýan intellektual jemgyýeti gurmaga gönükdirilen maýa goýum mümkinçilikleri, Arkadag şäheri döredilende işjeň ulanylan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, maýa goýumlaryň ileri tutulýan ugurlary, şäher ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak, ýaşaýjylar üçin iň oňaýly, amatly we howpsuz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen, şäher gurşawyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar. “Akylly şäher” Arkadag” atly halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergi-ýarmarkasy guraldy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirildi. Ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýyny belende götermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI