Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi
    Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi
    Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi
    Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi
    04/07/2023

    2657

    Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň binýadynda durnukly ösüşi gazanmak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara standartlarynyň derejesine çykarmak, dünýä tejribesiniň iň täze gazananlaryny halkymyzyň milli aýratynlyklaryny nazara alyp ornaşdyrmak döwlet we milli maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.

    Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen, «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýetimiziň hil taýdan ösüşiniň täze başlangyjy boldy.

    Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.

    2019-njy ýylda gurluşygyna başlanan, Aşgabatdan 30 km günorta-günbatarda ýerleşýän Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugrydyr. Hukuk taýdan döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe, ekologiýa taýdan arassa ulagly (elektrik awtobuslary we elektrik awtoulaglary), «akylly» awtoulag duralgalary, gün panelleri, ýel generatorlary we ş.m. desgalary bolan ýurtda ilkinji «akylly» şäheriň 1-nji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bolsa, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň barha ösýändigine doly aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

    Şeýle hem täze Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Hususan­da, şäherde «Intelligent Transportation System» (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanyldy. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly» köçeleriň gurulmagy «ITS» ulgamynyň esasy wezipesidir.

    Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky Güwanamanyň, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirki zaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk Şahadatnamasynyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

    Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Täze şäherde sanly ulgamyň soňky gazananlarynyň, döwrebap innowasion çözgütleriň, «akylly» tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan işleriň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Umumadamzat parahatçylygyny üpjün etmekde oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyryp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda diňe rowaçlyklara beslensin!

    Meýlis NEPESOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI