Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / ARKADAG ŞÄHERI — IŇ TAPAWUTLANAN «AKYLLY» ŞÄHER
    ARKADAG ŞÄHERI — IŇ TAPAWUTLANAN «AKYLLY» ŞÄHER
    ARKADAG ŞÄHERI — IŇ TAPAWUTLANAN «AKYLLY» ŞÄHER
    09/09/2024

    1392

    ARKADAG ŞÄHERI — IŇ TAPAWUTLANAN «AKYLLY» ŞÄHER

    «Döwletliniň toýy goşa-goşadan geler» diýilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan şöhratly ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» megataslamanyň — Arkadag şäheriniň halkara baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy täze döwrümiziň taryhynyň beýik wakasydyr.
    Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri ýörite baýraklaryň 3-sine, hususan-da, Arkadag şäheri «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç sany sylaga mynasyp boldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr.
    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerine baryp görmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary serginiň çäklerinde guralan degişli baýraklary gowşuryş dabarasyna gatnaşdylar.
    Dünýäde iki sany esas, iki sany binýat bar bolsa, olary biri gözellik, beýlekisi bolsa hakykatdyr. Hem gözelligiň, hem hakykatyň dabaralanmasy Arkadag şäherinde doly ýüze çykýar. Arkadag şäheri ― Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygynyň miwesi! Şonuň üçin berlen halkara sylaglar hem hormatly Arkadagymyzyň beýik ukybyna ýokary bahadyr.
    Döwri beýik işler, milleti milli buýsanç beýgeldýär. Arkadag şäheri hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhyň öňünde bitiren uly hyzmatydyr. Ösüşlerimiziň ähli ugurlary bu şäherde öz kämil beýanyny tapýar. Bu şäher halkymyzyň kalbyny birleşdirýän beýiklikdir. Arkadag şäheriniň heniz görlüp-eşidilmedik şähergurluşyk strategiýasy täze eýýamymyzyň gurmak gudratynyň, gurulýan zatlara guwanmak bagtynyň özboluşly sazlaşygyny, ruhy joşgunyny döredýär. Bu şäherde asyrlaryň ýaňy bar.
    Arkadag şäheri ― beýik pikirleriň miwesi! Bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Ýakynda bolsa asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy hem-de ony tassyklaýan degişli güwänamanyň gowşurylmagy halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Diýmek, bu şäheriň aýratynlyklary barada aýtmakçy bolsak, «şu günüň talaby», «akylly» şäher», «ýaşyl» ösüş», «ekologik kadalar», «sanly ulgam», «dünýäniň iň gowy tejribeleri»... ýaly jümleleri işjeň ulanmagymyz belent ykrardan nyşandyr.
    Her döwrüň öz ýol-ýörelgesi, taglym-taglymaty bolýar. Şol taglymat hem tutuş döwrüň ykbalyna täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri hem döwrümiziň, durmuşymyzyň baş taglymatyna öwrüldi. Şunda Arkadag şäheri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypadyr.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
    3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI