04/07/2023
1854
Arkadag şäheri – bagt şäheri
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn öňe barýan ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanda ilkinji «akylly şäheriň» açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Bu dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň 50-den gowrak döwletinden dürli derejedäki wekiliýet gatnaşdy.
“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan bu döwrebap şäheriň açylyş dabarasy «Akhan» binasynyň ýanyndan başlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly şäheriň» aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar bilen Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahata gatnaşdylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi. Arkadag şäherine 21 sany halkara sylag gowşuryldy. Gowşurylan sylaglar biri hem Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň Seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem-de seýsmiki howpsuzlygyň üpjünçiligi boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmy-gözleg işleriniň hili barada Şahadatnamasy;
Bu ýokary derejedäki gowşurylan halkara sylagy häzirki wagta çenli iki hyzmatdaş institutyň hünärmenleriniň düýpli we amaly meseleleri çözmek maksady bilen ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde özara gyzyklanmalarynyň gitdigiçe artýandygyny belledi. Bu isleg 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegi bilen durmuşa geçirildi.
2012-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerekdir. Bu maksada gönükdirlen hyzmatdaşlygyň dowamynda köp sanly duşuşyklar geçirildi we hyzmatdaşlar birnäçe gezek dürli halkara çärelerine gatnaşdylar, seýsmologik derňewler çygrynda tejribe alyşdylar. Iki döwletiň alymlarynyň hyzmatdaşlyk etmek babatyndaky gyzyklanmalary ylmy derňewleriň maksatlarynyň deň gelmegi, geofizika çygrynda seýsmologiýanyň öňünde durýan meňzeş meseleler we meseleleri çözmekde, seýsmiki howpa baha bermekde, seýsmiki howp we töwekgelçilik kartasyny döretmekde şeýle hem häzirki zaman enjamlaryny ulanmak bilen derňewiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda meňzeş çemeleşmeler bilen düşündirilýär. Geljekde hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler.
Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgeritmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda yene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.
Enejan ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI