08/09/2023
804
Arkadag paýhasynyň miweleri
Täzeçillikler, özgerişlikler — ösüşleriň kepili. Ol täzeçillikleriň bilim ulgamyna girizilmegi bolsa ösüşleriň geriminiň giňliginden, durmuşa geçirilýän işleriň alyslary nazarlaýandygyndan habar berýär. Hut şonuň üçin-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan işler her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar. Bu aýdylanlara mysal getirmek üçin Bilimler we talyp ýaşlar gününiň wakalaryny ýatlamak-da ýeterlik. Tutuş ýurdumyzy toýhana öwren şol şatlykly günde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň birnäçe mysalynyň şaýady bolduk.
Ajaýyp zamanamyzda dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändigini buýsanç bilen bellemelidir. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasyna mynasyp bolmagy-da galkynyşly zamanamyzda gazanylan nobatdaky üstünligimizdir.
Ähli ugurlarda ösüşiň depgininiň ýokarlanmagyna işjeň halkara gatnaşyklary uly täsir edýär. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi alyslary nazarlaýan öňdengörüjilikli ädim boldy. Bu toparyň 26-njy awgustda geçirilen mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýanynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän işleriň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär. Bu klubuň açylmagy ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň ilerlemegine uly täsirini ýetirjekdigine hemmämiz ynanýarys.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň her bir amala aşyrýan başlangyjynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy bilen baglanyşykly bir aýratynlygy ýatlap geçesimiz gelýär. Ýagny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň çäginde 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasynyň hem ýerleşdirilmegi bizi taryhyň gatlaryna, has takygy, sirk sungatynyň gözbaşlaryna alyp gidýär. Sirk sungatynyň gelip çykyşy gönüden-göni atçylyk bilen baglanyşykly bolup, «sirkus» sözi latynça «aýlaw», «burçsuz şekil» manylaryny berýär. Hut şonuň üçinem Gadymy Rimde atçapyşyklaryň geçirilýän ýeri bolan aýlawlar «sirk» diýlip atlandyrylypdyr. Uzak asyrlaryň dowamynda sirk tomaşalary diňe atlaryň çykyşy bilen baglanyşykly bolup gelipdir. Sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara atçylyk akademiýada hut sirk meýdançasynyň bolmagy-da Gahryman Arkadagymyzyň akyl-paýhas mekdebiniň nobatdaky sapagydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününiň buýsançly pursatlary mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyza täze menzillere tarap badalga berdi. Baýramçylyk dabaralary yzda galsa-da, şol günüň taryhy pursatlary ýüreklerde, taryh sahypalarynda hemişelik galar. Milli mirasymyza, sungatymyza belent sarpa goýýan, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ýaşlary uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň mugallymy.
Çeşme:
"Edebiýat we sungat" gazeti 08.09.2023ý.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI