04/10/2024
347
Amala aşýan ak arzuwlar
Mähirlilik, ýürekdeşlik, açyklyk — bu aýratynlyklar birek-birege diňe ýagşy niýetler bilen ädilýän ädimlere mahsusdyr. Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň erkanalyk baýdagynyň astynda geçen ýoluna nazar aýlanyňda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýetde alnyp barylýandygyna göz ýetirýärsiň. Dürli ulgamlarda ýetilen sepgitleriň, gazanylan guwandyryjy netijeleriň ählisi içeri we daşary syýasatda alnyp barlan işleriň sazlaşygynyň miwesi bolup durýandygyny bolsa Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz dürli taryhy wakalar bilen baglanyşykly Çykyşlarynda hemişe belläp geçýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly dünýä ýaň salan şygarynyň ýörelge edilmeginiň miweleri bu günki gün her bir ädimimizde öňümizden çykýar. BMG, GDA, ŞHG ýaly dünýäniň abraýly guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilip, ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işler Diýarymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrdy. Bu ajaýyp zamanany arzuwlan akyldar şahyrymyzyň adyny dünýäde dabaralandyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şeýle abraýly tutumlara, dünýä ýaň salan wakalara baý boldy. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny we ugurdaş sergini, onuň çäklerindäki Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergini ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Bu halkara forumlar Garaşsyz Diýarymyzda alyslary nazarlaýan tutumlaryň şu günlerden badalgasyny alýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Sebäbi «maýa goýum» diýmegiň özi geljek barada belent maksatlary gurmak diýmekligi aňladýar. Dünýäniň iri halkara guramalaryndan, Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Eýran, Beýik Britaniýa, ABŞ, Demirgazyk Irlandiýa, Malaýziýa, Şwesiýa, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Ermenistan ýaly ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagy oňa berilýän ähmiýetiň uludygyndan habar berýär.
Şeýle iri göwrümli halkara çäreleriň geçirilmeginiň ýurduň ösüşinde wajypdygy barada hormatly Prezidentimiz forumda sanly ulgam arkaly eden Çykyşynda ýurdumyzyň şu günki ösüşli menzilleri bilen baglanyşykly iri maýa goýum taslamalaryny mysal getirmek bilen, foruma gatnaşyjy daşary ýurtly wekilleri Türkmenistanda nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, «Garabogazkarbamid» zawody ýaly iri taslamalaryň sanawynyň ýylsaýyn uzalyp gidip oturmagy ýurdumyzda iş alyp barmaklyga isleg bildirýänleriň barha köpelmegine getirýär. Garaşsyz Diýarymyzda badalga berilýän taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň olaryň sebit, tutuş dünýä halklary üçin ähmiýetiniň uludygy bilen baglanyşyklydygyny forumda çykyş eden myhmanlar hem belläp geçdiler. Bu zatlaryň ählisi halkara guramalarynyň dünýä ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işleriň Garaşsyz Türkmenistanyň maksatlaryna kybap gelýändigini ýene bir ýola äşgär edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny toýlan Türkmenistan dünýä ýüzüne dost-doganlyk ýollaryny çekýär. Ol ýollaryň ugry rysgal-berekede beslenýär. Çünki ugran ugruna ýagşy niýet-pälleri kalba besläp gadam goýmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgedir. Ýagşy niýetleri dünýä ýaýýan ýollarymyzyň has alyslara uzamagy üçin bolsa sanlyja ýylda Türkmenbaşy deňiz porty peýda boldy, awtomobil, demir ýollarymyzyň durky täzelendi, howa gatnawlarymyzyň işleri dünýäniň ösen derejelerine kybap kämilleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän tutumlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde eýeleýän derejesi ýylsaýyn artýar.
Sebit, dünýä ýurtlary bilen agzybirlikli, birek-birege hormat-sarpa esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýän, dana Pyragynyň berkarar döwlet hakdaky ak arzuwlaryny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, ähli başlangyçlarymyzda ýolgörkezijimiz bolýan Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şöhrat DIWANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: Nesil gazeti - 03.10.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/8/articles/165614