25/06/2024
605
Alysdaky ýakynlyk
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýakynda Ýaponiýada türkmen medeniýetiniň toýuny toýladyk. Halkymyzda haýsydyr bir zadyň at-owazasynyň Arşa galanyny aňlatmak üçin «Dabarasy dag aşypdyr» diýilýär. Günüň dogýan ýurdunda milli medeniýetimize goýulýan sarpany görüp, türkmen sungatynyň dabarasynyň ýeke bir daglary däl, eýsem, ummany hem aşandygyna göz ýetirdik.
Ýaponiýa rowana bolanymyzda, uçarda ýapon ýaşulusy bilen hem söhbet etdik. Ol ömründe bir sapar dadan türkmen gawunynyň tagamynyň henizem agzyndan gitmändigini aýtdy. Ýaponiýada medeniýet günlerimiziň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa edenler ýaňky ýaşulynyň ýaşyna baryp, ildeşimiz bilen söhbetdeş bolmak miýesser etse: «Watandaşlaryňyz şeýle bir täsirli çykyş edipdi welin, hakydamyzdan gidenok» diýip gürrüň berseler gerek.
Ilki bilen, türkmençilikde aýdylyşy ýaly, bergili bolup galmaýyn-da, size ýollanan «koniçiwalary» gowşuraýyn. Koniçiwa — ýaponça salam diýmek. Halkymyzda «Salam — edebiň başy» diýilýär. Diýmek, dialogyň başy hem salamdyr. Biz dil bilenem, el bilenem «koniçiwalaşdyk», ýagny hoşniýetli dialoglar el gysyşmak arkaly has-da pugtalandyryldy. Biziň dialogymyz edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň dilinde sözledi, biziň dialogymyz aýdym-saz bolup ýaňlandy. Şol sözler we ýaň dykgat bilen diňlenildi, şowhunly el çarpyşmalar bilen goldanyldy. Tokioda türkmen medeniýeti tug kimin parlady.
Tokionyň töwereginde awtobusdan düşenimizde, bir ýapon ýigidi ýanyma gelip, «Siz Türkmenistandan geldiňizmi?» diýip, iňlis dilinde sorady. Menem buýsanç bilen «Hawa» diýip jogap berdim. Az-owlak ýaponça gürleşip, ondan Türkmenistan barada nämeleri bilýändigini soranymda: «Siziň ülkäňiziň taryhy we medeniýeti diýseň baý. Medeniýetiňiz bilen içgin gyzyklanýaryn» diýip jogap berdi. Şol söhbetden soň hatda Tokioda hem bizi milli lybasymyzdan tanaýandyklaryna göz ýetirdik. Talyplarymyz bilen Sukuba şäherinde medeniýet günleriniň jemleýji konsertinden soň, söhbetdeşlik taýýarlaýarkak, Aý ýaly bolup, türkmen milli lybasyny geýnen ýapon gyzyna gözümiz düşdi. «Gün hanjary gökden ýere inende, Güne garşy dogan Aýy gözel sen» diýip taryplabermeli ýapon gyzy 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabada gelip görüpdir. Ol bize türkmen zenanlarynyň milli lybasyny juda ähmiýetli çärelere buýsanç bilen geýýändigini gürrüň berdi. Men: «Seniň lybasyňda ýekeje ýetmezçilik bar. Başyňa türkmen tahýasy ýetenok» diýip, täze jorama milli tahýamyzy sowgat edenimde, ol «Arigato gozaýimas» (Köp sag boluň!) diýip, begenjinden uçaýjak boldy. Sukuba şäherinde guralan milli el işlerimiziň sergisinde ýene bir ýapon zenany ýanyma gelip, milli lybasymyzyň gözelligini taryplan pursatlarynda dünýäniň iň meşhur moda görkezilişlerine gatnaşýan gözelleriň hem, megerem, beýle tarypy eşidip görmändigi barada oýlandym. Ýapon zenanynyň bilelikde ýadygärlik surata düşmek baradaky teklibi bolsa milli medeniýetimize buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Medeniýet işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýetiniň bolmagy, talyp ýaşlaryň hem bu şatlykly toýa gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz geljekde dünýäniň çar ýanynda türkmeniň tutumly toýlaryna beýemçilik etjek diplomatlar, halkara žurnalistler hökmünde Tokioda gymmatly tejribe gazandyk.
Ýaponiýa ýaly ösen ýurdy haýran galdyrmak aňsat däl. Emma türkmen sungaty, medeniýeti ýaponlary we gaýry ýurtly myhmanlary özüne maýyl etdi. Dostlukly ýurda barýarkak uçardaky ýoldaşlarymyzyň birinden «Berekella!», «Tüweleme!» ýaly sözleriň ýaponça nähili aýdylýandygy bilen gyzyklananymda, ol bu dilde beýle öwgüli sözleriň ýokdugyny aýdyp ýylgyrdy. Şeýle-de bolsa türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan soň, konsert zalyndaky tomaşaçylar «Brawo!» diýip, şowhunly el çarpmak arkaly berekellamyzy ýetirdiler. Türkmen sungat ussatlarynyň çykyş edýän konsert zallarynyň şowhuny belent ymaratlary, gyzgalaňly durmuşy bilen göwnüňi göterýän Tokionyň täsinliklerinden hem ötürdi.
Günüň dogýan ýurduna ugranymyzda hyýalym meni talyplyk ýyllaryma äkitdi. Halkara žurnalistikasy hünäriniň birinji ýyl talyby mahalym Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa sapary bilen bagly bu ýurtda bellenilýän baýramçylyklar barada ilkinji makalamy taýýarlapdym. Yhlasym ýerine düşüp, makalam «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edilipdi. Sarpaly hünäre göwün berip, özümiň bilim alan ýokary okuw mekdebimiň mugallymy hökmünde daşary ýurda ilkinji iş saparymyň Ýaponiýa bolmagy hem meni biçak tolgundyrdy. Medeniýet günleriniň çäklerinde Sukuba uniwersitetinde bolanymyzda, ildeşlerimiziň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalaryň ýygyndysyny hem-de türkmen tahýalaryny gowşurdyk. Şoňa görä-de, ýapon kärdeşlerimiz başy türkmen tahýaly çykyş etdiler. Söz nobaty özüme ýetende: «Size tahýa sowgat etmegim ýöne ýerden däl. Sebäbi meniň başymy hem ýapon ýaglygy bezeýär. Türkmen zenanlary «Made in Japan» diýen nyşanly ýaglygy buýsanç bilen daňynýarlar» diýmegim ýaponlaryň ýüzüne ýylgyryş çaýdy. Hatda bu ýere ýazgy etmek üçin gelen talybymyzyň wideokamerasynyň hem Ýaponiýanyň önümidigini, biziň dostlukly ýurt barada düşüren wideoşekillerimiziň türkmen teleýaýlymynda görkeziljekdigini buşladyk.
Sukuba uniwersitetinde bilim alýan magistrantlarymyz bilen duşuşanymyzda, Watanymyzdan alysda ata ýurdumyzyň bir parçasyna gabat gelen ýaly bolduk. Nesip bolsa, zehinli ýaşlar okuwlaryny tamamlap, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşarlar. «Essalawmaleýkim!» diýip, biz bilen aýratyn gadyrly salamlaşan orta boýly ýigide hem türkmenistanly magistrantdyr öýtsek, ol ýaponiýaly hünärmen eken. Alty ýyl Aşgabatda ýaşap, türkmençäni öwrenen ýigitden türkmen dilinde haýsy kitaby okandygy barada gyzyklananymda, Magtymgulyny okandygyny aýtdy. Ummandan aňyrdaky alys ýurtda hem pähim-paýhas ummanyna deňeýän akyldarymyzyň adyny eşitmegimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy dünýä tanatmak ugrunda edýän tagallalarynyň netijeleriniň buýsanjy kalbymyza doldy.
Dostlukly ýurda bolan saparymyzda diňe bir tahýadyr alaja däl, eýsem, türkmen tamdyrynyň çogy ýaly ýyly mährimizi hem edil pişme paýlan ýaly paýladyk. Munuň üçin bize baş egip hormat bildirdiler. Medeniýet günleriniň çäklerinde Nippon gaznasynda we Minon saz muzeýinde bolan duşuşyklar hem biri-birinden täsirli geçdi. Şol ýakymly täsirlerden aýňalyp ýetişmänkäk, «Asman laçynyny» ýatladýan uçarymyz belende galdy we Ýaponiýa kem-kemden yzda galdy. Ençe sagatlyk uçuşdan soň, ýakymly ses Türkmenistana gelenimizi habar berdi. Hut şol pursatda Günüň dogýan ýurdunda türkmen medeniýetiniň toýuny toýlap gaýdan medeniýet we sungat işgärleriniň ählisi, göýä dilleşen ýaly bolup, şeýle bir el çarpdylar welin, kalbymyz gülläp gitdi. Uçaryň ekipažy hem ýolagçylara goşuldy.
Salam saňa dogduk mekan, ata Watan Türkmenistan!
Gülnabat BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Çeşme: “Watan” gazeti - 25.06.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/153625