Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «Akylly» şäheriň täze üstünligi
    «Akylly» şäheriň täze üstünligi surady
    21/12/2024

    2118

    «Akylly» şäheriň täze üstünligi

    Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän Arkadag şäheriniň gurluşygy gojaman Köpetdagyň eteginde özboluşly şäheriň emele gelmegine şert döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde gurluşygy iki tapgyrda alyp barmak meýilleşdirilip, häzirki wagtda onuň ikinji tapgyry dowam edýär. Sebitde «akylly» şäher diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde alnyp barylýan şeýle işler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hem özüne çekmegi başardy. Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna,«Hil saýlawy ─ 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanmagy begenjimizi goşalandyran wakalar boldy. Bu ýerde hereket edýän elektrobuslar, elektrotaksiler ýurdumyzyň ekologiýanyň goragyna uly üns berýändigini, bu ugurda ençeme işleri alyp barýandygyny äşgär etdi. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň mynasyp bolan bu baýraklary halkara derejesinde abraýly baýraklardygy, onuň gowşurylmagy gysga wagtda bina edilen ajaýyp şähere gyzyklanmanyň uludygyny alamatlandyrýar. Galyberse-de, üstümizdäki ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan güýje girizilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Arkadag şäheri üçin «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi hem bu şäheriň ýurdumyzyň ösüşlerine oňaýly täsirini ýetirendiginden habar berýär. Häzirki wagtda bu ajaýyp şäherde bagtly durmuş höküm sürýär. Täze bilim edaralarynyň, durmuş maksatly binalaryň halka hyzmat etmegi ildeşlerimiziň abadan durmuşyny kepillendirýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky guralan medeniýet hepdeliginiň hem Arkadag şäherinde geçirilmegi medeniýet, sungat işgärlerine toý ruhuny bagyşlady. Hepdelige gatnaşyjylar Änew medeniýeti, Jeýtun medeniýeti diýlip atlandyrylyşy ýaly bu şähere hem Arkadag medeniýeti diýip ýokary baha berdiler. Şeýle halkara sylaglara mynasyp bolan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň bu gazanan täze üstünligi bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle baýraklaryň höwrüniň köp bolagyny arzuw edýäris.

    Baýnazar BAÝHANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI