11/08/2026
33
AKADEMIKI MÜMKINÇILIKLER WE HALKARA TEJRIBE
Geljekde daşary ýurtda okamak, täze medeniýetleri öwrenmek we halkara derejede tejribe toplamak isleýän ýaşlar üçin Germaniýa özüne çekiji ýerleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň talyby hökmünde, men hem meşhur Nemes akademik alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) granty bilen Germaniýada bir aýlyk tomus çuňlaşdyrylan “Hochschulsommerkurse” nemes dili okuw maksatnamasynda okamak mümkinçiligine eýe boldum. Bu halkara maksatnamasynyň düýp maksady dünýäniň çar tarapyndan gelen talyplaryň nemes dili başarnyklaryny gysga wagtyň içinde düýpli ýokarlandyrmakdan, olary Germaniýanyň baý medeniýeti, döwrebap bilim ulgamy bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Çuňlaşdyrylan amalyýetinde talyplara diňe bir adaty grammatika we sözlük sapaklary okadylman, mundan başga-da akademiki ýazuw, erkin gürleşik tejribesi, dogry aýdylyş we diňleýiş boýunça ýöriteleşdirilen sapaklara gatnaşýarlar. Sapaklar doly nemes dili gurşawynda we tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýändigi üçin dil öwreniş amaly örän çalt, tebigy we netijeli bolup geçýär. Sapaklaryň çäginde talyplar diňe bir dili däl, eýsem Germaniýanyň jemgyýetçilik durmuşyny, syýasy gurluşyny we ykdysady üstünliklerini düşündirýän ýurt öwreniş temasyny hem giňişleýin özleşdirýärler.
Mundan başga-da, talyplar sapaklardan daşary Germaniýanyň ajaýyp şäherlerine gezim edýärler, sebitiň taryhy ýerlerini, muzeýlerini we medeni merkezlerini görýärler, nemes halkynyň gündelik durmuşy bilen ýakyndan tanyşýarlar. Dünýäniň takmynam 150 ýurdundan gelen, dürli garaýyşly we maksatly talyplar bilen bir gurşawda bolmak täze halkara dostluklaryň gözbaşyny tutýar, halkara gatnaşyklary berkidýär we talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär.
Bu maksatnama diňe bir dil amalyýeti bolman, eýsem geljekki akademik we hünär ýolumyz üçin hem möhüm ädimdir. Ýaş nesilleriň bilimini has hem ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan halkara başlangyçlary ýaşlaryň ylmy derejede özleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mähri GUZYÇYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
03/06/2026
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
30/05/2026
FILOSOFIÝA – DÜNÝÄ AKYL ÝETIRMEGIŇ ÇEŞMESI
02/05/2026
TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI