Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy
    Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy
    Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy
    Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy
    19/05/2023

    1759

    Ak şäherimiz Aşgabadyň döredilen gününe bagyşlanan döredijilik duşuşygy

    2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we “Aşgabat” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Ak mermerli paýtagtymyzyň döredilen gününe bagyşlanylyp guralan bu duşuşyga ýurdumyzyň halypa žurnalistleri, ýazyjy-şahyrlary, çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyga eýe bolan duşuşygyň dowamynda çykyş eden halypa žurnalistler öz çykyşlarynda gözel paýtagtymyzyň taryhy we häzirki wagtdaky keşbini täsirli maglumatlar esasynda beýan etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Aşgabat adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde özüniň binagärlik gurluşy, medeni hyzmat ediş we dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň owadan we döwrebap şäherleriň biri bolupdyr. Maglumatlara görä, ajaýypdan üýtgeşik binagärlik gurluşy bilen öz taryhynyň dürli döwürlerinde göreni haýrana goýan Aşgabat şäherimiziň döreýşi gadymy Parfiýa döwletini esaslandyryjy Ärsak şanyň ady bilen aýrylmaz baglanşykly bolupdyr. Şeýle-de, çykyşlaryň dowamynda mermer paýtagtymyzyň häzirki ajaýyp şähergurluşyk-binagärlik keşbi we onuň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun alandygy, sebitde we dünýäde möhüm meseleleriň çözülýän, ylalaşyklaryň gazanylýän, halklary dostlaşdyrýan şäherdigi baradaky maglumatlar aýratyn buýsanç bilen nygtaldy. Söz ussatlarynyň gatnaşmagynda halypa-şägirtlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş žurnalistleriň maglumat gorunyň baýlaşmagynda, döredijilik dünýäsine bolan höwesiniň artmagynda görelde mekdebi bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda paýtagtymyz Aşgabady dünýä tanatmakda alyp barýan dürli maksatnamalaýyn işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.


    Jennet OMAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän  «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç surady

    29/12/2025

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç
    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi surady

    22/12/2025

    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy surady

    07/12/2025

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI