30/11/-0001
750
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi geçirilýär
2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergisi öz işine başlady. Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabada bagyşlanyp geçirilýän bu sergi öz işini iki gün alyp barar.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, talyp ýaşlar hem-de ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly sergä gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Sergide Aşgabat şäherimiziň gözel keşbi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýyl sergä gatnaşmaga ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy isleg bildirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny aýdyň görkezýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.