14/04/2025
606
“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda, Balkan welaýatynda Balkanabat nebitçilik orta
hünär okuw mekdebinde, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutynda,
Lebap welaýatynda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynda, Mary welaýatynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda
“Açyk gapylar” güni mynasybetli orta mekdepleriniň okuwçylarynyň
gatnaşmagynda institutymyz bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. “Açyk gapylar”
gününde institutymyzyň tejribeli mugallymlary tarapyndan mekdep okuwçylaryna
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasaty,
ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we Milli Liderimiziň
ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi
barada giňişleýin gürrüň berildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp
ýaşlary bu ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy we gazanylan üstünlikleri
barada maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler.
“Açyk gapylar” gününe gatnaşan mekdep okuwçylary institutymyzyň baş
binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide kafedralaryň alyp barýan işleri,
talyplaryň dürli ýyllarda halkara we ýurdumyzda geçirilen bäsleşiklerde gazanan
üstünlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi. Şeýle-de, ýokary derejede
guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar
institutymyzyň muzeýi, okuw studiýasy we kitaphanalary bilen tanyşdyryldy.
Ýokary okuw mekdebimiz barada geçirilen bu tanyşdyrylyş çäresi mekdep
okuwçylarynda biziň institutymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Aýlar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.