05/10/2023
1867
6-njy oktýabr — Hatyra güni
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilip, garaşsyzlygymyz, erkinligimiz, bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyz hatyralanyp, ýatlanyp geçilýär.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy Watana bolan beýik söýginiň nyşany bolup, bu toplum gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.
Intizar TAGANNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI