Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni!
    5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni! surady
    30/11/-0001

    641

    5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni!

    Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasynda durandyr. Häzirki wagtda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny dikeltmek hem ýokarlandyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlaryň her biri babatda oňyn tejribeler toplanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.
    Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, daşky tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara konferensiýalary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçirilen Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawyň wajyp meselelerine degişli dünýä bileleşiginiň garaýşyny özünde jemleýän Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada ekologiýa ýörelgeleriniň 26-sy kesgitlenilýär. Şonuň ýalyda, Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň Meýilnamasy kabul edildi hem-de ekologiýanyň guramaçylyk, ykdysady, syýasy meseleleriniň döwletleriň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeginiň ugurlary anyklanyldy. Şu konferensiýa mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen 27-nji sessiýasynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda, 5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan soň bu sene her ýyl Ýer ýüzünde bellenilip geçilýär. Şeýle-de, şol sessiýada ekologiýa çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen hemişelik hereket edýän edara - Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) döredildi.
    Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri ÝUNEP-iň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde tebigaty goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň halkara ekologiýa gatnaşyklaryndaky işjeňligine döwlet Baştutanymyzyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarydyr anyk teklipleri esas bolýandyr. Şeýle hem, döwletimiz abraýly halkara guramalarynyň köp sanlysynyň we daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň örän uly toplumynyň işjeň agzasydyr. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly Konwensiýasy we Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Aşgabat Konwensiýasy ýaly halkara hukuk resminamalary bolsa ýurdumyzyň sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny düzýär. Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli we sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

    Beggeldi GUTLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI