02/05/2026
47
3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni
1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji maýynda Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1991-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 26-njy sessiýasynda kabul edilen teklipnama esasynda, 1993-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi. Ýeri gelende bellesek, 1991-nji ýylyň 3-nji maýy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpdürlüligi we garaşsyzlygy baradaky taryhy «Windhuk» Jarnamasynyň kabul edilen günüdir.
Halkara derejesinde bellenilýän bu sene metbugat azatlygynyň esasy ýörelgelerini ýatlatmak, dünýädäki metbugat we söz azatlygynyň ýagdaýyna baha bermek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hiç bir zada gulluk etmän, erkin we garaşsyz bolmalydygyny ündemek hem-de öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagty wepat bolan žurnalistleri ýatlamak maksady bilen döredildi.
Her ýyl bu halkara güni mynasybetli birnäçe köpçülikleýin çäreler we konferensiýalar geçirilýär. Bu ýyl bolsa, ÝUNESKO-nyň guramagynda Bütindünýä metbugat azatlygyna bagyşlanan maslahaty «Parahat geljegi kemala getirmek» ady bilen 4-5-nji maýda Zambiýanyň Lusaka şäherinde guralar.
Bu günde metbugat işgärleri, metbugat azatlygynyň guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri bütin dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we ony birnäçe howplardan goramagyň täze usullaryny tapmak üçin ýygnanýarlar. Şeýle-de, 1997-nji ýyldan bäri ÝUNESKO her ýylyň 3-nji maýynda metbugat azatlygyny goramakda hem-de ony ösdürmekde saldamly goşant goşan aýry-aýry žurnalistleri, guramalary we edaralary ÝUNESKO/Gilýermo Kano adyndaky Bütindünýä baýragy bilen sylaglaýar.
Umuman aýdanymyzda, her ýylyň 3-nji maýy dünýä jemgyýetçiligine metbugat azatlygynyň gymmatyny ýatlatmak bilen bir hatarda, hakykatyň goragynda duranlara berilýän ýokary sarpanyň nyşanyna öwrülýär.
Hajar KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/04/2026
BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
22/04/2026
ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
11/04/2026
12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI