Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 27-nji sentýabr – Bütindünýä syýahatçylyk güni
    27-nji sentýabr – Bütindünýä syýahatçylyk güni surady
    30/11/-0001

    1609

    27-nji sentýabr – Bütindünýä syýahatçylyk güni

    Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (United Nations World Tourism Organization; UNWTO) assambleýasy tarapyndan 1979-njy ýylda Ispaniýanyň Torremolino şäherinde döredilýär we her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk üçin bu senäniň saýlanmagy bolsa, 1970-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň öz Düzgünnamasyny kabul edilendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Baýramçylygyň esasy maksady syýahatçylygy ösdürmekden, onuň dünýä jemgyýetçiliginiň ykdysadyýetine goşýan goşandyny görkezmekden we dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ysnyşdyrmakdan, şeýle-de syýahatçylygyň durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
    Soňky ýarym asyryň dowamynda syýahatçylyk dünýäniň iň çalt ösýän we iň möhüm pudaklarynyň biri boldy. Käbir ýurtlar üçin syýahatçylyk hatda döwlet býujetiniň esasy girdeji çeşmesine öwrüldi. XXI asyryň başynda syýahatçylyk pudagy, global ykdysady çökgünlik, tebigy betbagtçylyklar we ýokanç keseller ýaly kynçylyklara garamazdan, çydamlylygy we ösüşi görkezdi. Mundan başga-da, syýahatçylyk bilen baglanyşykly täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy we ulag çykdajylarynyň arzanlamagy halkara syýahatçylygynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. COVID-19 pandemiýasy netijesinde syýahatçylyk pudagy köp ýurtlarda ykdysadyýetiň iň täsirli pudaklarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, syýahat çäklendirmeleri we sarp edijileriň islegleriniň duýdansyz peselmegi halkara syýahatçylyk görkezijileriniň görlüp-eşidilmedik pese gaçmagyna sebäp boldy. Bu bolsa öz gezeginde tutuş ykdysadyýete zyýanly täsir etdi we iş ýitgilerine getirdi.
    Ösýän ýurtlarda syýahatçylyk ýurduň ykdysadyýetine, jemgyýetine we daşky gurşawyna güýçli täsir edýär. Syýahatçylygyň durmuş-ykdysady täsirlerinden başga-da, bu pudak durnukly dolandyrylsa, daşky gurşawy gorap saklamaga, halklaryň arasynda medeni taýdan ykrar edilmegine we düşünişmegine goşant goşup biler. Şol sebäpden, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2017-nji ýyly “Halkara durnukly syýahatçylyk ýyly” diýlip yglan edildi.
    Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri bellenilip gelinýär. Her ýyl Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan yglan edilýän belli bir mowzuga bagyşlanyp, “Syýahatçylygyň medeni mirasy gorap saklamaga, global parahatçylyga we düşünişmäge goşandy”, “Syýahatçylyk we durmuşyň hili”, “Syýahatçylyk dünýä parahatçylygynyň kepili”, “Syýahatçylygy ösdürmek we daşky gurşawy goramak: dowamly sazlaşyga tarap”, “Bir milliard syýahatçy - bir milliard mümkinçilik”, “Durnukly syýahatçylyk - ösüşiň guraly”, “Syýahatçylygy täzeden gözden geçirmek” ýaly şygarlar bilen geçirilýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk gününde syýahatçylaryň syýahatçylyk we syýahatçylyk işine bagyşlanan dabaraly çäreleri we festiwallary guralýar.
    UNWTO her ýyl dürli ýaşdaky, dürli derejeli adamlary bu güni öz ýurtlarynda ýa-da dynç alyş ýerlerinde bellemäge çagyrýar.

    Ýagşymyrat ÖWEZOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady

    22/04/2026

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady

    11/04/2026

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni surady

    30/03/2026

    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI