Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 21-nji noýabr − Bütindünýä telewideniýe güni
    21-nji noýabr − Bütindünýä telewideniýe güni surady
    30/11/-0001

    1200

    21-nji noýabr − Bütindünýä telewideniýe güni

    Her ýylyň 21-nji noýabrynda bellenilýän Bütindünýä telewideniýe güni, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1996-njy ýylda yglan edildi.
    Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän döwletler parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly meseleler boýunça telegepleşikler arkaly bu güni bellemäge çagyrýar. Telewideniýe − jemgyýetiň pikirini nyşana almak we täsir etmek üçin möhüm gural hökmünde ykrar edildi. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni telewizoryň tehniki taraplaryny däl-de, durmuşymyza getirýän pelsepe bolup, häzirki zaman dünýämizde telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşanyna öwrüldi.
    Telewideniýäniň taryhy takmynan bir asyr öň başlanypdyr. Elektron şöhlelerini belli aralyklara geçirmek we almak üçin ilkinji synaglar 1920-nji ýylyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada we Sowet Soýuzynda geçirilipdir. 1933-nji ýylda asly amerikaly inžener Wladimir Zworykin telewizoryň esasy bölegine öwrülen katod turbasyny oýlap tapmagy başarýar. Zworykiniň açyşynyň netijesinde, 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda yzygiderli teleýaýlymlar başlanypdyr.
    Şeýle-de bolsa, diňe XX asyryň 50-nji ýyllarynda teleýaýlymlar Ýewropada-da giňden ýaýrap ugraýar. Häzirki zaman dünýämizde, esasanam, ýaşlaryň arasynda internetiň maglumat we güýmenje çeşmesi hökmünde meşhurlygynyň artýandygyna garamazdan, telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşany bolan iň uly mazmun çeşmesi bolup durýar. Jemgyýetçilik pikiriniň döremegine we ýaş nesliň terbiýesine täsir edip, bütin dünýäde möhüm orna eýedir.
    Birleşen Milletler Guramasynyň özi, 1947-nji ýylda öz işine başlap, dünýädäki ynsanperwerlik krizisleri barada yzygiderli hasabat taýýarlaýar, adam hukuklary, parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş ýaly möhüm meseleler barada dokumental filmleri göni ýaýlymda görkezýär. Şol sebäpden hem Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletleri we dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň wekillerini häzirki wagtda mawy ekranlardan ýaýlyma berilýän maglumatlara has köp üns bermäge çagyrýar.
    Türkmen telewideniýesine hem ser salyp görsek, 1996-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Fransiýanyň «Buig» TF telewizion ýaýlymynyň ýolbaşçylary hem-de belli fransuz telekeçileri bilen duşuşyk geçirilip, ýurdumyzyň telewizion merkeziniň gurluşygy hakyndaky protokola gol çekilip, 1998-nji ýylda milli telewideniýämiz täze tehnika bilen üpjün edilip başlandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde «Altyn asyr», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan», «Türkmen owazy», «Aşgabat», «Türkmenistan sport» ýaly teleýaýlymlar döredildi. Bu teleýaýlymlaryň hersi özbaşdak, biri-birine garaşsyz bolup, ýurdumyzda dürli ugurlarda alnyp barylýan işleri, ýetilen sepgitleri, halkyň däp-dessurlary baradaky täsirli gepleşikleri teletomaşaçylara ýetirýär.

    Meýlis SADYKOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI