30/12/2023
774
2023-nji ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň ýeten sepgitleri
2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ilkinji gününden başlap, hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti, medeniýeti, ylym, bilim we başga-da köp pudaklar babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi, medeniýetimizi, ylym, bilim ýaly pudaklaryny köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamak – esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň röwşen geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyz türkmen talyp-ýaşlarynyň bilimini, zehinini, ukyp-
-başarnygyny ýüze çykarmak üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary-da belent sepgitlere ýetmek üçin öňde duran möhüm wezipelere goşandyny goşdular.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň düýp binýadynda duran milli ýörelgelerimize çuňňur sarpa goýmak ruhunda özlerini kämilleşdirmegi dowam etdirýärler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň täze ylmy açyşlara, innowasion çözgütlere we beýleki döredijilik üstünliklerine beslenen ýyllaryň biri boldy. Ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän dürli okuw we ylmy merkezler, talyplara ýurt, sebit we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler bize şeýle diýmäge doly esas berýär.
Türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarydyr mugallymlary ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ders, hünär we sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda matematika, informatika, maglumat tehnologiýalary, halkara hukugy, hünäri boýunça rus we iňlis dilleri, halkara gatnaşyklar, arbitraž, maliýe howpsuzlygy, halkara ynsanperwerlik hukugy, sportuň söweş görnüşleri boýunça dünýä hem-de halkara çempionatlary, ýaş halkaraçylaryň ylmy, okuw hem-de döredijilik bäsleşikleri aýratyn bellärliklidir.
Bellenilişi ýaly, ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar.
Şeýle-de, ylym, medeniýet, sport ugurlaryndaky hereketleriň işjeňleşdirilmegini nazarlap, şunda Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak ýaly başlangyçlar ileri tutulýar.
Ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz milli ýaşlar konsepsiýasynyň doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky syýasatyň esasy maksadynyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň yhlasly okap-öwrenip, tutanýerli zähmet çekip, röwşen geljegiň berkarar bolmagyna goşant goşmakdaky yhlasyny has-da artdyrýar.
Türkmen ýaşlary ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary halkara bäsleşiklerde örän uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň subutanamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikler döredilen. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar.
Türkmen ýaşlary bu günki gün dünýä derejesinde geçirilýän ylym, bilim, sport babatynda geçirilýän ýaryşlaryna güýçli depginde taýýarlanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar eziz ata Watanymyzyň ösüşdir özgerişlerine özleriniň mynasyp we saldamly goşundyny goşýarlar. Elbetde, şeýle ýeňişleriň sakasynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildiren
uly ynamy bar.
Diýarymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermekde taýsyz
tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
ömürleri uzak bolsun!
Merjen ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR12/06/2024
YLYMLY ÝAŞLAR – KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA