30/11/-0001
888
2022-NJI ÝYLYŇ "HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY" DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT
2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygarynyň hem-de ýörite nyşanynyň tassyklanylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, hormatly Ilçiler, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we prorektory G.Ýusupowa, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew çykyş edip, halkymyzyň täze ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habaryň tutuş ilimiz bilen bir hatarda, milli diplomatiýa ulgamymyzyň işgärleri tarapyndan hem uly ruhubelentlik bilen kabul edilendigini nygtadylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzy has-da eşretli durmuşda ýaşatmak ugrundaky giň gerimli işlerini, amala aşyrýan ählitaraplaýyn özgertmelerini hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň has-da dabaralanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýdyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milli diplomatiýamyzyň täze şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.
ALTYN MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Goşmaça habarlary şu ýerde okap bilersiňiz.