30/11/-0001
515
19-njy awgust - BÜTINDÜNÝÄ YNSANPERWERLIK KÖMEGINIŇ GÜNI
Kyn ýagdaýlarda birek-birege kömek goluny uzatmak iň ýagşy häsiýetleriň biri hasaplanýar. Bu halkara derejesinde hem uly goldawa eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy awgusty «Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni» diýip yglan etdi.
Birleşen Milletler Guramasy bu senäni halkara günleriň senenamasyna girizip, wezipeleri belläp başlady. Bu günüň döredilmeginiň esasy maksady bütindünýäde alnyp barylýan ynsanperwerlik kömek çäreleri barada dünýä jemgyýetçiliginiň habardarlygyny has-da artdyrmak bolup durýar. Mundan başga-da, bu sene ynsanperwerlik ugryndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini ýada salýar hem-de bu ugurda zähmet çeken we häzirki wagtda işini dowam etdirýän adamlara uly hormat goýýar.
Ynsanperwerlik kömegini berýän işgärler - bu dünýädäki iň gowy adam häsiýetlerini özünde jemleýän raýdaşlygyň ilçileridir. Olar her gün dürli ýurtlarda ýüze çykýan howpy we kynçylyklary ýeňýärler. Şeýle hem olar uruşda we tebigy betbagtçylykda ejir çeken millionlarça adamlara kömek edýärler. Soňky onýyllyklarda ynsanperwer jemgyýetiň tebigy ýa-da adam faktorlary sebäpli ýüze çykýan dürli betbagtçylyklara çalt we täsirli jogap bermek, şeýle hem olara garaşmak ukyby has-da ýokarlanandygyny hünärmenler tassyklaýarlar.
Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň gününiň bellenilýän senesinde dürli maglumat hem-de okuw çäreleri geçirilýär. Bu gün bütindünýä halklaryny jebislige, parahatçylyga we raýdaşlyga çagyrýar. Mundan başga-da, şu senede dünýä jemgyýetçiligi başgalaryny halas edip, öz janlaryny pida eden adamlara hormat goýmak üçin, olary ýada salýar. Şu senäniň bellenilmeginiň sebäbi 2003-nji ýylyň 19-njy awgustynda BMG-niň Bagdatdaky baş edarasyndaky bolan waka bilen baglanyşykly bolup, bu ýerdäki partlama netijesinde 22 sany adam hem-de BMG-niň resmi wekili Serjio Wieýra de Mello aradan çykdy. Şol sebäpli bu gynançly wakanyň hormatyna 19-njy awgust Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni hökmünde saýlandy.
2009-njy ýylda geçirilen birinji Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni başgalaryny halas etmekde heläk bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanýar.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: