Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Makalalar / 18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI surady
    17/02/2026

    583

    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI

    2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz taryhy ösüşleriň täze tapgyryna gadam basýar. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bolsa, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň belent dabaralanmasynyň we bu asylly işe goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
    2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» uly dabaralara beslendi. Şol taryhy üstünlikleriň dowamy hökmünde, 2026-njy ýylda türkmen diplomatiýasy özüniň «Açyk gapylar» syýasatyny bedew bady bilen öňe alyp barýar. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär.
    Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Diplomatik gulluk hakynda» hem-de «Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde diplomatiýanyň dabaralanmagyny şertlendirýär. Şeýle-de, kanunlar Türkmenistan döwletiniň milli bähbitlerini dünýä ýaýmakda anyk wezipeleri we borçlary özünde jemleýär hem-de Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
    Bu hukuk namalarynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň ýokarlanmagynyň, halkara we döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleriň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
    Hormatly Prezidentimiziň oňyn we döredijilikli halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ykrar edilmegi halkymyzyň mirasynyň düzüm bölegi bolup durýan türkmen diplomatiýasynyň milli ýörelgeleriniň ählumumy halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen utgaşyp, ösüşlere beslenýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny has hem kämilleşdirmekde we ýurdumyzyň halkara giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýelemekde täze sepgitlere ýetmek üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
    Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokoly» atly täze okuw merkezi açyldy. Ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda döredildi. Täze merkeziň esasy maksatlary bilim pudagynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edip biljek ökde diplomatik işgärleri taýýarlamakdyr.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda gol çeken Karary bilen açylan Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi bolsa türkmen diplomatiýasynyň geljegi bolan ýaş, kämil halkaraçy hünärmenleriň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar.

    Dawut GEZEROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzasy.

    Soňky täzelikler

    ZENAN EDEBI — MAŞGALA MERTEBESI ÖZENIDIR surady

    07/03/2026

    ZENAN EDEBI — MAŞGALA MERTEBESI ÖZENIDIR
    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ surady

    27/02/2026

    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ
    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры surady

    23/02/2026

    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI