Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
        • 13-nji fewral — Bütindünýä radio güni
        • 10-NJY FEWRAL — BÜTINDÜNÝÄ KÖSÜKLI ÖSÜMLIKLER GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / 18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI surady
    18/02/2026

    92

    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI

    Bilşimiz ýaly, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu sene 2009-njy ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda döredilip, döwletimiziň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän diplomatlaryň alyp barýan işlerine goýulýan hormatdan nyşandyr. Şol mynasybetli hem dürli dabaraly çäreler, maslahatlar we duşuşyklar geçirilýär.
    Türkmenistanyň daşary syýasaty ählumumy hem-de sebit derejesindäki meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna gönükdirilendir. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” hoşniýetlilik, özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we döredijilikli çemeleşme milli diplomatiýanyň baş ýörelgeleri hökmünde kesgitlenendir.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýäniň 159 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, 100-den gowrak ýurt bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.
    Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýaly möhüm ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar we ählumumy durnukly ösüşe gönükdirilýär.
    Daşary syýasatyň durmuşa geçirilmeginde diplomatik gulluk aýratyn orun eýeleýär. “Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, diplomatik gulluk döwlet gullugynyň daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň we onuň raýatlarynyň kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly görnüşidir. Diplomatlar ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynda ýokary jogapkärçilik bilen hyzmat edýärler.
    Milli diplomatiýanyň geljekki nesillerini taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary daşary ýurtlardaky ilçihanalarda tejribelik geçip, halkara gatnaşyklaryň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar. Soňky ýyllarda institutda birnäçe okuw we ylmy merkezleriň döredilmegi diplomatik bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny görkezýär.
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — bu parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine wepalylygyň nyşanydyr. Türkmen diplomatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny berkitmek, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

    Kemal BAÝRAMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY surady

    18/02/2026

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY
    Diplomatiýa ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady surady

    18/02/2026

    Diplomatiýa ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine surady

    18/02/2026

    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI