14/02/2024
1177
18-NJI FEWRAL-TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» türkmen Bitaraplygynyň hoşniýetli, özara bähbitli, parahatçylyk söýüjülikli we döredijilikli ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara gatnaşyklary çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär. “Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunynda : “Diplomatik gulluk – bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi” diýip bellenilýär.
2009-njy ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyz her ýylyň 18-nji fewralyny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine goýulýan sarpadan nyşandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşip, täze derejä çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji we dörediji döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde özüni ykrar etdirmek bilen dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.
Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegi bilen ýurdumyz adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseleleriň çözgüdine hem barha işjeň gatnaşyp başlady. “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag giňişligini döretmek we başgalar barada öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipleri dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasy giňişliginde ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ylym-bilim ulgamydyr. Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen ýörite ýokary okuw mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmegine şu ýylyň mart aýynda on üç ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahadynda pudak ýolbaşçylaryna beren tabşyryklarynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagy we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamak Halkara gatnaşyklary institutynyň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny belledi. Şeýle hem, häzirki döwrüň talabyna laýyklykda bu okuw jaýynda täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmagyň mümkinçiligini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň milli diplomatiýamyzyň geljekki nesilleri baradaky atalyk aladalaryny bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň döredijilikli işlemekleri we okamaklary üçin döredilýän şertlerde öz beýanyny tapýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlar ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynda we onuň welaýatlardaky bölümlerinde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2013-nji ýyldan bäri ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň okuw tejribeliklerini Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsulluk edaralarynda geçmekleri ýola goýuldy. Munuň özi ýaş hünärmenleriň öz işlerini has kämil ele almaklary, hünär aýratynlyklary bilen iş ýüzünde tanyşmaklary, daşary ýurtlaryň halklarynyň milli däp-dessurlary barada has-da içgin bilmekleri, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmekleri üçin uly mümkinçilik döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2016-njy ýylda institutda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça merkez açyldy we onuň işi ýola goýuldy. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek üçin bu ugurdan ýörite merkez döredildi. Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny öwrenmek, bu babatda okuw we ylmy-tejribe öwreniş işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, halkara guramalary bilen özara utgaşykly işleri has-da giňeltmek maksady bilen gol çeken Karary sözüň doly manysynda taryhy waka boldy. Bu Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi açyldy we institutyň gurluşy tassyklanyldy. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi häzirki wagtda dünýäniň ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygar bilen yglan eden ýylynda hem hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk taglymatlaryna esaslanan syýasy –diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da giňejekdigine we ösjekdigine ynanýarys. Bu bolsa ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň her bir işgäriniň mundan beýläk-de ýokary jogapkärli hem-de tüýs ýürekden Watanymyza gulluk etmeklerine ruhlandyrýar.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI