18/12/2023
802
18-nji dekabr – Halkara arap diliniň güni
Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi bolup durýar. Türkmen halkymyzda «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana» ýaly nakyllardyr atalar sözleriniň birnäçesiniň bolmaklygy daşary ýurt dillerini bilmekligiň ynsan üçin örän möhüm zatdygyny görkezýär. Ylaýta-da, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza dünýä ýüzünde mynasyp wekilçilik etjek biz geljekki halkaraçy hünärmenleriň dil taýýarlygynyň ýokary bolmaklygy has hem zerur bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäde ortaça 7000-den gowrak dil bar diýlip hasap edilýär. Arap dili hem gadymylygy, özboluşly owazlylygy we şireliligi bilen tapawutlanýan dünýä dilleriniň biri bolup durýar. Arap dili Afraziýa dil maşgalasynyň samit diller toparyna degişlidir. Arap dili 280 million adam üçin ene dilidir we ýene 50 million adam ony ikinji dil hökmünde ulanýar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasynda döredildi. Bu dil 26 döwletiň resmi dili hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 6 sany resmi we iş dilleriniň biridir. Arap dili Oman, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Katar, Bahreýn, Kuweýt, Saud Arabystany Patşalygy (SAP), Yrak, Ýemen, Iordaniýa, Siriýa, Lübnan, Ysraýyl, Müsür, Sudan, Eritreýa, Jibuti, Somaliýa, Somaliland, Komor adalary, Libiýa, Çad, Tunis, Jezair, Fas, Günbatar Sahara, Muritaniýa döwletlerinde resmi dil hökmünde ulanylýar. Häzirki wagtda arap dilinde gepleýän adamlaryň sany 420 milliondan gowrak diýlip hasap edilýär.
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleri bilen gatnaşygy, hususan-da, ylym-bilim, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürilýär.
1973-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen arap dili bu halkara guramanyň 6 sany resmi dilleriniň biri diýlip yglan edildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 190-njy mejlisinde Marokkanyň, Saud Arabystanyň we Liwiýanyň teklibi bilen bu gün arap diliniň Halkara güni hökmünde tassyklandy we 2012-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji dekabry Halkara arap diliniň güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu halkara günüň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady BMG-niň resmi dilleriniň ählisiniň ulanylyşyny deň derejede goldamakdan ybarat bolup durýar.
Arap dili beýik medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň we döwletleriň dili bolup durýar. Bu dil VII asyra çenli diňe arap ýarymadasynda ulanylypdyr. Yslam dininiň döremegi we dünýä ýaýramagy bilen bu diliň hem ulanylyş gerimi giňäpdir. Orta asyrlarda arap dili gündogarda Owganystandan başlap, günbatarda tä Ispaniýa çenli gürleşilýän dile öwrülipdir. Bu döwürde ata-babalarymyzyň döreden birnäçe beýik döwletlerinde hem ylmy eserleriň aglaba bölegi arap dilinde ýazylypdyr. Arap dilinde 28 harp bolup, olaryň sagdan çepe ýazylmagy, ynsan, ýer-ýurt atlary ýaly sözleriň baş harpda ýazylmazlygy bu dili beýleki dillerden tapawutlandyrýan häsiýetli aýratynlyklar bolup durýar.
Arap dili iňlis, ispan, pars, şol sanda türkmen diline hem täsir edipdir. «Algebra», «soltan», «minara», «şerbet» ýaly birnäçe sözler hem arap dilinden biziň ene dilimize geçen sözler bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini, şol sanda arap dilini öwrenmekligi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde arap dili boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem arap dili ikinji daşary ýurt dil hökmünde talyplara öwredilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki dil merkezlerinde hem ýaşlaryň bu dili öwrenmekligi üçin giň mümkinçilikler bar.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Esenmyrat HANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI