02/06/2023
1906
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
1-nji iýunda dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç dörýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir.
Parasatly türkmen naklynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin döwletimiz atalyk alada edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Çaganyň hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny kabul etdi.
ÝUNISEF guramasy tarapyndan kabul edilen iki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny goldandygy buýsandyryjydyr, bu maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli hyzmatdaşlaryň ornuny kesgitleýär: olar Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň ahyrynda kabul eden “Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr” hem-de “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasydyr”.
Şu maksatlardan ugur alyp, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.
Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynda buýsançly sahypalarynda ýazylýan şöhratly zamanamyzda eneleriň we çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» saglygy goraýyş merkezleriniň döredilmegi çagalarymyzyň irki döwürden kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarly, şeýle hem röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy baş maksat edinen hem-de bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar.
Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmele durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 142 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem bu halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI