
31/05/2025
173
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda
hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi
bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we
bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany
hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli
tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-
sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna
bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda
gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Çagalar — biziň geljegimiz. Ata-
babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany —
ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly
parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga,
köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän
mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri
açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin
döwletimiz tarapyndan atalyk alada edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy
ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp
gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary
jogapkärçiligini tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim,
durmuş goraglylygy, çagalary goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly
ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda
Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çaganyň
hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli
mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine
ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti
çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli
meýilnamasyny kabul etdi. ÝUNISEF guramasy tarapyndan kabul edilen iki
maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny goldandygy buýsandyryjydyr, bu
maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli hyzmatdaşlaryň ornuny
kesgitleýär: olar Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň ahyrynda kabul eden
«Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»
hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny
ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar
edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy». Şu maksatlardan ugur alyp,
bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz
Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä
ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta
mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynda buýsançly sahypalarynda
ýazylýan şöhratly zamanamyzda eneleriň we çagalaryň hukuklaryny we
bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, köp
sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan
«Ene mähri» saglygy goraýyş merkezleriniň açylmagy çagalarymyzyň irki
döwürden kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edýär. Birleşen
Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy
ýörelgelerine ygrarly, röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň watansöýüjiligiň
we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegini, döwrebap bilim almagyny
baş maksat edinen hem-de bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy,
ynsanperwerligi, dostlugy dabaralandyrýan sene hökmünde giňden bellenilýär.
Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp
gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn
özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan
Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup,
bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri,
çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin
zerur şertler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny, hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 144 ýyllygyny şanly wakalar
bilen şöhratlandyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu
halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde,
welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine
öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza
bolan beýik söýgümizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli
öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban
çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly
aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini
doldurýar.
Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna,
röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen
gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary
esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli
durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagalygyň mekany
bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan
ýaşamagy üçin uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp
gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem
munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat
geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin,
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, sebit we
umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

29/05/2025
Укрепление связей через образование и диалог
26/05/2025
Parahatçylygy we dostlugy berkidip