08/04/2024
809
Ýyllyk 8 göterim ösüş
ýa-da täjik ykdysadyýetine syn
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 4-5-nji aprelde Täjigistanda resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we beýleki ýokary wezipeli döwlet işgärleri bilen geçiren duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Şuny göz öňünde tutmak bilen, gazetimiziň şu günki sanynda okyjylary Täjigistanyň ykdysadyýeti bilen tanyşdyrmagy müwessa bildik. Täjigistan häzirki wagtda Merkezi Aziýada we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde iň bir çalt depginde ösýän ykdysadyýeti bilen tapawutlanýar. Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň jemi içerki önümi 2023-nji ýylda 8,3 göterim ýokarlandy we 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary bolsa 1 müň 188 amerikan dollaryna barabardyr. Hususan-da, geçen ýylda Täjigistanda senagat önümleriniň öndürilişi 12, gaýtadan işleýän senagat önümçiligi 12,3, oba hojalyk önümleriniň önümçiligi bolsa 9 göterim artdy. Täjigistan şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 8 göterim derejede saklamagy maksat edinýär. Umuman alanyňda, soňky 7 ýylda Täjigistanda JIÖ-niň ösüş depgini ortaça 7,5 göterim derejede saklandy we JIÖ-niň mukdary 1,5 esse artdy. 2023-nji ýylda Täjigistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 90 milliard somoniden (takmynan, 8 milliard 131 million 104 müň amerikan dollaryndan) gowrak boldy. Munuň özi Garaşsyz Täjigistanyň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Ýeri gelende bellesek, şonuň 25 milliard somonisi ýurduň eksportunyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, goňşy ýurtda bu ugurda 14,3 göterim ösüş gazanylandygyny görmek bolýar.
Senagaty
Täjik metbugatynyň berýän resmi maglumatlaryna görä, ýurtda senagat önümçiligi 1992-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli 4,6 esse ýokarlanyp, 46 milliard somonä (takmynan, 4 milliard 202,8 million amerikan dollaryna) ýetdi. Şol döwürde ýurtda 3 müňden gowrak senagat kärhanasy döredilip, olar 54 müňden gowrak ilatyň iş bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Deňeşdirmek üçin, 1992-nji ýyldan öň ýurtda jemi 33 müň iş orna eýe bolan 358 sany şeýle kärhana hereket edýärdi. Ýene bir bellenilmeli ýagdaý Täjigistan senagat pudagyndaky ösüşiň depgini boýunça Merkezi Aziýada iň öňdebaryjy ýurt hasaplanýar. Bu görkeziji ýyllyk 12-13 göterim derejede saklanylýar. Häzirki wagtda senagat jemi içerki önümiň 17-18 göterimini emele getirýär. 2030-njy ýyla çenli JIÖ-de senagat pudagynyň paýyny 21 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Ýurduň senagatynda esasy orny dag-magdan, himiýa we ýeňil senagat kärhanalary eýeleýär. Şoňa laýyklykda, geçen ýylda Täjigistanyň eksportunyň 47 göterimini gymmat bahaly metallar, 15,5 göterimini minerallar hem-de 13,2 göterimini ýeňil senagat kärhanalarynda öndürilen önümler eýeledi. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Täjigistan 20 ýurda umumy bahasy 300 million amerikan dollaryna deň bolan ýeňil senagat önümlerini eksport etdi. Bu mukdar 2022-nji ýylyň jemleri bilen deňeşdireniňde, 19 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr. Şeýle ösüşiň gazanylmagyna geçen ýyl ýurtda 183 sany täze ýeňil senagat önümçiliginiň döredilmegi hem uly goşant goşdy.
Oba hojalygy
Täjigistan öz territoriýasynyň 90 göterimden gowragyny daglaryň tutýandygyna garamazdan, oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürýär hem-de eksport edýär. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagy ýurduň jemi içerki önüminiň 23,5 göterimini emele getirýär. Satistik maglumatlara görä, ýurduň ilatynyň 70 göterimi obalarda ýaşaýar we zähmete ukyply ilatyň 60 göterimi oba hojalyk pudagynda zähmet çekýär.
Ýurduň oba hojalygynyň 71,5 göterimi ekerançylygyň, 28,5 göterimi bolsa maldarçylygyň paýyna düşýär. 2023-nji ýylda amatsyz howa şertleriniň ýüze çykandygyna garamazdan, Täjigistanyň oba hojalygy 7,8 göterim ösüş gazandy. Ýurt umumy agramy 286 müň tonna deň bolan oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberdi. Amatsyz howa şertleri barybir belli bir derejede hasyla öz täsirini ýetirdi. Hususan-da, 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, pagta hasyly 15 göterim, bugdaý hasyly 8, üzüm hasyly 39 we piläniň öndürilişi 43 göterim azaldy. Şulary hasaba almak bilen 2024-nji ýylda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulamagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmak we ýerden ýylda 3-4 hasyl almak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşi
Täjik ykdysadyýetinde hususyýetçileriň ülşi barada gürrüň gidende soňky ýyllarda uly öňegidişligiň hasaba alnandygyny bellemek gerek. Has takyk aýtsak, 2012-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetinde hususy sektoryň paýy 49,3 göterim bolan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 70 göterimden gowrakdyr. Häzirki wagtda ýurtda döredilen iş orunlarynyň 70, umumy salgydyň 80 we döwlet býujetiniň 70 göterimi hususyýetçileriň paýyna düşýär. Täjigistan 2024-nji ýylda jemi içerki önümiň iň azyndan 8 göterim ösmegini üpjün etmek babatda hem, esasan, hususy işewürlere bil baglaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysadyýetiniň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini artdyrmak, işewürlik we maýa goýum taslamalary üçin amatly şertleri döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Türkmen-täjik söwda-ykdysady gatnaşyklary
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge we hil taýdan ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Täjigistan bu babatda möhüm we geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýar. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Täjigistan Türkmenistandan nebit, pagta ýagy, sement ýaly dürli önümleri we harytlary satyn alýar. Türkmenistan hem öz gezeginde doganlyk Täjigistan döwletinden alýumin we oba hojalyk önümlerini import edýär.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun degişlidir. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Netijede, işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini has-da ýokarlandyrmak we telekeçileriň arasynda yzygiderli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, önüm öndürijileriniň bilelikdäki sergileri, ykdysady forumlar we bilelikdäki beýleki ugurdaş çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde Täjigistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde hem türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Bilelikdäki işewürler maslahatynyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Forumyň dowamynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat pudagynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, oba hojalygynyň, ulag-logistikanyň, maýa goýum işiniň ugry boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 118,36 million amerikan dollaryna deň boldy.
Ýokarda agzalanlardan hem görnüşi ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistan beýleki ugurlar bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga uly mümkinçiliklere eýe. Iki ýurduň hem sebitde ykdysadyýetiň depginli ösýän ýurtlary bolup durýandygyny hasaba alsak, geljekde has uly bilelikdäki taslamalaryň amala aşyryljakdygyna we özara söwdanyň möçberiniň mundan beýläk-de yzygiderli ýokarlanjakdygyna pugta ynam döreýär.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 8.04.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/143626
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI