28/05/2024
581
Ýüregim — Türkmenistanda!
Nurjan GÜDER,
Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa
uniwersitetiniň dosenti, professor:
— Nesibäm çekip, öň maňa bu mähriban ýurtda ýaşamak we işlemek miýesser edipdi. Ýüregimde ýaşaýan ýurda ýene myhman boldum. «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik bizi ýene bu döwlete getirdi. Türkmen halky bizi hemişeki ýaly mähirli garşylady. Türkmenistanlylar meni türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby türk diline terjime eden edebiýatçy alym hökmünde tanaýandyrlar. Bu kitap türkiýeliler üçinem hakyky akyl sandygyna öwrüldi. Şeýle işleri dowam etmek bilen, geçen ýyllarda türkmen halk ertekilerini terjime edip, «Iň gowy türkmen ertekileri» atly kitaby türk dilinde çapa taýýarladyk.
Halkara bäsleşik barada aýtsam, ilki bilen-ä, gelenimizde, ýeňiş hakda pikir etmedik. Türkmen paýtagty bilen internet arkaly gyzyklanýan talyplarymyzy Aşgabat bilen tanyşdyrmagy, parahat ýurdy, türkmen myhmansöýerligini öz gözleri bilen görmegine mümkinçilik döretmegi has uly ýeňiş hasaplaýarys. Şeýle-de bolsa biziň talyplarymyz — Elif Jinkawuk şahsy tapgyrda I orna we altyn medala, Ijar Berdal bolsa III orna we bürünç medala mynasyp boldy. Öň Aşgabatdaky iki sany ýokary mekdebinde — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallymçylyk eden, şeýle hem türkmen topragynda ylmy işler bilen meşgullanan edebiýatçy alym hökmünde bu halkara bäsleşigiň ylmy hem-de amaly taýdan öz düýp maksadyna ýetendigini, parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge goşan goşandynyň uludygyny buýsançly belläsim gelýär.
«Nesil».
Çeşme: "Nesil" gazeti - 27.05.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/150213
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI