17/09/2026
24
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary üçin okuw-usuly seminar geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň taryhy ähmiýetini okuw ýylynyň dowamynda has içgin düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça institutymyzda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda “Türkmen diplomatiýasynyň Bitaraplygy” atly okuw-usuly seminary geçirildi. Bu okuw-usuly seminary institutymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, Türkmenistanyň Gahrymany, syýasy ylymlarynyň doktory we lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Aksoltan Töräýewna Ataýewa alyp bardy. Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Okuw seminarynyň dowamynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri Aksoltan Ataýewa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy, BMG-nyň Baş Assambleýasynda kabul edilen taryhy kararnamalar dogrusynda we Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişlikde, dünýäniň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda adamzadyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hatyrasyna öňe süren möhüm başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Çykyşynyň ahyrynda Aksoltan Ataýewa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Mähriban GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy